SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanda ýokary derejeli maslahat geçirildi
2015-nji ýylyň 12-nji dekabrynda “Bitaraplyk syýasaty: Parahatçylygyň, howpsuzlygyň we ösüşiň ugrunda halkara hyzmatdaşlygy” atly Halkara maslahaty geçirildi. Oňa gatnaşmak üçin dürli ýurtlaryň döwlet we hökümet Baştutanlary, dünýäniň ýokary syýasy derejeli wekilleri, abraýly halkara we sebit guramalarynyň baştunanlary gatnaşdylar.
Türkmenistanda Belarus Respublikasynyň Medeniýet günleri geçirilýär
2015-nji ýylyň 7-nji dekabrynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar kögünde Belarus Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy.Belarus Respublikasynyň uly döredijilik wekiliýetiniň düzümine belli toparlar, sungat ussatlary, režissiýorlar, ýazyjylar we suratkeşler girdiler. Açylyş dabarasyndan soňra belarus medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti boldy. Onuň esasyny halk sazlary we tanslary, opera çykyşlary, meşhur aýdymlar, şeýle hem 1970-80-nji...
Tatarstanyň Prezidentiniň Türkmenistana iş sapary
2015-nji ýylyň 7-nji dekabrynda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow Türkmenistana iş sapary bilen geldi.Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň binasynda Türkmenistanyň, Russiýa Federasiýasynyň hem-de Tatarystan Respublikasynyň Döwlet baýdaklarynyň öňünde surata düşmek dabarasy tamamlanandan soň, ikitaraplaýyn duşuşyklar üçin niýetlenen zalda milli Liderimiziň we myhmanyň arasynda gepleşikler geçirildi.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ...
Duşenbede Türkmen-Täjik syýasy geňeşmeler geçirildi
2015-nji ýylyň 26-njy noýabrynda Duşenbe şäherinde Täjigistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň we Täjigistanyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda ministrleriň orunbasarlarynyň derejesinde syýasy geňeşmeler geçirildi. Geňeşmeleriň gün tertibine türkmen-täjik döwletara gepleşikleriniň syýasy, söwda-ykdysady, ulag-aragatnaşyk, ylym, bilim, saglygy goraýyş, medeniýet we sungat ulgamlarynda hyzmatdaşlygy has-da ýygjamlaşdyrmak meseleleri goşuldy. Tarapla...
Türkmenistanyň Prezidenti gazy eksport ediji ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň Sammitine gatnaşdy
2015-nji ýylyň 23-nji noýabrynda Eýran Yslam Respublikasynda resmi saparda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Tähranda geçirilen gazy eksport ediji ýurtlaryň Forumynyň döwlet Baştutanlarynyň Sammitine gatnaşdy. Gazy eksport ediji ýurtlaryň forumy 2008-nji ýylda döredilen halkara hökümetara guramasy bolup, ol oz duzumine 12 döwlet birlesdiryar: Alžir, Boliwiýa, Wenesuela, Müsür, Eýran, Katar, Liwiýa, Nigeriýa, Birleşen Arap Emirlikleri, Russiýa, Trinidad we Tobago, Ekwo...
Ýaponiýanyň Premýer-ministriniň Türkmenistana resmi sapary
2015-nji ýylyň 22-24-nji oktýabr aralygynda Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sindzo Abe Türkmenistana ilkinji resmi sapary bilen geldi. Resmi saparyn dowamynda häzirki döwrüň halkara syýasatynyň esasy meseleleriniň birnäçesine umumy ýörelgeleriniň we çemeleşmeleriniň birmeňzeşdigi nygtaldy. Bu, ilkinji nobatda, Merkezi Aziýada, Aziýa-Ýuwaş umman sebitinde we tutuş dünýäde durnuklylygy hem-de howpsuzlygy berkitmek bilen bagly bolup durýar. Türkmenistan we Ýaponiýa ýadro ýaragyny ýaýratmazlygy üpjün e...
Türkmenistan MAGATE-niň agzalygyna kabul edildi
2015-nji ýylyň 14-nji sentýabrynda Wena şäherinde Atom energiýasy boýunça halkara agentliginiň (MAGATE) Baş konferensiýasynyň 59-njy mejlisiniň dowamynda bu Guramanyň agza döwletleri Türkmenistany MAGATE-niň agzalygyna tassyklamak baradaky kararnamany biragyzdan kabul etdiler. Bu Guramanyň agza döwletleri Türkmenistanyň bütin dünýäde, şol sanda Merkezi Aziýa sebitinde ýadro ýaraglaryny ýaýratmazlyk ýörelgelerine eýerýändigine ýokary baha berdiler.