SOŇKY HABARLAR
Türkmenistan-ÝB adam hukuklary boýunça dialog
2016-njy ýylyň 17-nji maýynda Türkmenistanyň wekiliýeti Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda adam hukuklary meselelerinde Brüssel şäherinde geçirilen dialogyň nobatdaky mejlisine gatnaşdy. Dialogyň işine Ýewropa Bileleşiginiň Daşary syýasat boýunça Ýewropa gullugy, ÝB-niň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekiliniň edarasy hem-de Ýewropa Komissiýasynyň ösüş we hyzmatdaşlyk boýunça Baş direktoraty ýaly edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar. Duşuşygyň barşynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bi...
Türkmenistanyň DIM-nde Ýewropa Birleşiginiň wekiliýeti bilen duşuşyk
2016-njy ýlyň 26-njy aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Ýewropa Geňeşiniň Energetika boýunça direktoratynyň ýolbaşçysynyň orunbasary j-p Kristofer Jonsyň ýolbaşçylygyndaky Ýewropa Birleşiginiň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda Türkmenistanyň we ÝB-niň arasyndaky gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy barada pikirler alyşyldy. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň meselelerini ara alyp maslahatlaşyp, taraplar energetika pudagyndaky we medeni-gumanitar ugrundaky gat...
Türkmenistanyň Prezidentiniň “Gadamy batly bedew” atly kitabynyň tanyşdyryş dabarasy
2016-njy ýylyň 22-nji aprelinde Türkmenistanyň Halkara gumanitar ylymlary we ösüş uniwersitetiniň maslahatlar zalynda türkmen bedewiniň baýramçylygyna bagyşlanan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Gadamy batly bedew” atly täze kitabynyň tanyşdyryş dabarasy geçirildi. Dabaraly çärä Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň, Türkmenistanda akkreditirlenen diplomatik missiýalarynyň we halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, ýurdumyzyň jemgyýetçilik gu...
Niderlandlar Patyşalygynyň wekiliýeti bilen duşuşyk
2016-njy ýylyň 21-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Niderlandlar Patyşalygynyň Daşary işler ministrliginiň Aýratyn tabşyryklar boýunça Ilçisi j-p Ýan Paul Dirkseniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşykda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşylyp, ikitaraplaýyn gyzyklanmalar bildirilýän meseleler boýunça pikirler alşyldy. Hususan hem, taraplar syýasy, söwda-ykdysady we gumanitar ugurlaryndaky özarabä...
Delide Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanyp halkara maslahat geçirildi
2016-njy ýylyň 13-nji fewralynda, Türkmenistanyň şanly Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygy mynasybetli çäreleri geçirmek boýunça Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygyny ýerine ýetirmek çarçuwasynda, şeýle hem, 2016-njy ýylyň «Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli Nýu Deli şäheriniň «Täj Mahal» myhmanhanasynda Türkmenistanyň Hindistandaky Ilçihanasy Hindi-Türkmen Dostluk Jemgyýeti bilen bilelikde «Garaşsyzlygynyň we ösüşiň 25 ýyly: Türkmenistan we Hindistan» atly...
"GÜNDOGAR-GÜNBATAR” GAZ GEÇIRIJISI AÇYLYP ULANMAGA BERILDI
2015-nji ýylyň 23-nji dekabrynda, Balkan welaýatyna iş sapary bilen gelen Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň iri gaz känlerini bir bitewi gaz geçiriji ulgama birleşdiren “Gündogar-Günbatar” gaz geçirijiniň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Täze gaz geçiriji Mary welaýatyndaky “Şatlyk” gaz gysyjy stansiýasyndan Hazarýaka sebitindäki “Belek” gaz gysyjy stansiýasyna çenli çekildi. Bu şatlykly dabara gatnaşmak üçin hökümet agzalary, Mejlisiň deputatlary, ministrlikleriň w...
Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygyna badalga berildi
2015-nji ýylyň 13-nji dekabrynda Mary welaýatynda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan /TOPH/ gaz geçirijisiniň hem-de “Galkynyş” gaz känini senagat taýdan özleşdirmegiň ilkinji nobatdakysynyň desgalarynyň gurluşygyna badalga berildi. Bu desgalar başlangyç tapgyrda täze energetika geçirijisiniň serişde binýadyna öwrüler. Dabara Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de ýakynda ýurdumyza saparlar bilen gelen Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani, P...