Türkmenistanda Belarus Respublikasynyň Medeniýet günleri geçirilýär

2015-nji ýylyň 7-nji dekabrynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar kögünde Belarus Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy.

Belarus Respublikasynyň uly döredijilik wekiliýetiniň düzümine belli toparlar, sungat ussatlary, režissiýorlar, ýazyjylar we suratkeşler girdiler.

 Açylyş dabarasyndan soňra belarus medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti boldy. Onuň esasyny halk sazlary we tanslary, opera çykyşlary, meşhur aýdymlar, şeýle hem 1970-80-nji ýyllaryň estradasynyň ýatdan çykmajak aýdymlary düzdi.

 Tomaşaçylar meşhur “Horoşki” Belarus toparynyň ussatlygyna uzak wagtlap el çarpdylar. Köp nesilleriň söýgüsini gazanan meşhur aýdymlary ýerine ýetirip, türkmenistanlylary şatlandyran “Pesnýary” toparyny we Belarus Respublikasynyň halk artistleri Ýadwiga Poplawskaýany hem-de Aleksandr Tihanowiçi tomaşaçylar mähriban dostlary hökmünde garşyladylar. Belarus Milli Akademiki opera we balet uly teatrynyň aýdymçysy, Belarus Respublikasynyň at gazanan artisti Nina Şarubinanyň ýerine ýetiren eserlerine tomaşaçylar mynasyp baha berdiler.

Belarus Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleri dowam edýär. Onuň meýilnamasy dostlukly ýurduň taryhy, medeniýeti we aýdym-sazy barada köp zatlary bilmäge mümkinçilik berer. Döredijilik forumynyň çäklerinde, Türkmenistanyň şekillendiriş sungaty muzeýinde Belarus Respublikasynyň amaly-haşam sungatynyň ussatlarynyň eserleriniň sergisiniň açylyş dabarasy bolar. 9-njy dekabrda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda iki ýurduň şahyrlarynyň we ýazyjylarynyň duşuşygy bolar.

Çarşenbe güni belarus artistleri Türkmenabada bararlar hem-de Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky sazly-drama teatrynyň sahnasynda çykyş ederler.

Döredijilik forumyny Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň mukamlar köşgünde 10-njy dekabrda geçiriljek Türkmenistanyň we Belarusyň medeniýet we sungat ussatlarynyň bilelikdäki konserti jemlär.

 Myhmanlar üçin türkmen paýtagtynyň gözel ýerleri, taryhy ýadygärlikleri, Aşgabadyň we Türkmenabadyň muzeýleriniň täsin gymmatlyklary bilen tanyşmagy öz içine alýan ýörite meýilnama taýýarlandy.