Tatarstanyň Prezidentiniň Türkmenistana iş sapary
2015-nji ýylyň 7-nji dekabrynda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow Türkmenistana iş sapary bilen geldi.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň binasynda Türkmenistanyň, Russiýa Federasiýasynyň hem-de Tatarystan Respublikasynyň Döwlet baýdaklarynyň öňünde surata düşmek dabarasy tamamlanandan soň, ikitaraplaýyn duşuşyklar üçin niýetlenen zalda milli Liderimiziň we myhmanyň arasynda gepleşikler geçirildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow strategiki häsiýete eýe bolan dostlukly türkmen-rus gatnaşyklarynyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen belläp, gazy eksport edýän ýurtlaryň forumyna gatnaşýan döwletleriň Baştutanlarynyň sammitine gatnaşmagyň çäklerinde Prezident Wladimir Putin bilen golaýda Eýranda geçirilen duşuşykda Türkmenistanyň we dostlukly ýurduň iri sebitleriniň –Tatarystan Respublikasynyň, Astrahan we Swerdlowsk oblastlarynyň, Sankt-Peterburg şäheriniň hem-de Russiýa Federasiýasynyň beýleki sebitleriniň arasynda dürli pudaklarda ysnyşykly gatnaşyklaryň ýola goýlandygyny nygtady. Pursatdan peýdalanyp, milli Liderimiz Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine hem-de Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Dmitriý Medwedewe Russiýanyň sebitleri bilen hyzmatdaşlyga ýardam berýändigi üçin minnetdarlyk bildirdi we olaryň adyna mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
Prezident Rustam Minnihanow mähirli kabul edendigi üçin Türkmenistanyň Baştutanyna hoşallyk bildirip, Aşgabada ýene-de gelip görmek üçin döredilen mümkinçilige örän şatdygyny aýtdy. Tatarystanyň ýolbaşçysy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy we ähli türkmen halkyny Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 20 ýyllygy bilen gutlady.
Duşuşygyň barşynda söhbetdeşler ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmek üçin uly kuwwatyň bardygyny belläp, ýangyç-energetika toplumyny, söwda-ykdysady ulgamy, oba hojalygyny we syýahatçylygy ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezdiler. Döwlet Baştutanymyz we myhman maşyngurluşygy, energetika we senagat ulgamlarynda netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmagyň möhümdigini aýdyp, bar bolan mümkinçiliklerden netijeli peýdalanmagyň zerurdygyny bellediler.
Ynsanperwer ulgamda gatnaşyk etmek duşuşygyň esasy meseleleriniň biri boldy. Bu ulgamda ylym we okuw-bilim merkezleriniň arasynda netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmak, şol sanda ylmy gazanylanlaryň alşylmagyny işjeňleşdirmek, bilelikdäki taslamalara gatnaşmak üçin giň mümkinçilikler açylýar. Söhbetdeşler döwletara gatnaşyklaryny çuňlaşdyrmagyň möhüm şerti bolan medeni ugur boýunça däp bolan hyzmatdaşlygy giňeltmegiň wajypdygyny aýtdylar. 2017-nji ýylda geçiriljek Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek babatda sport ulgamy ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Döwlet Baştutanymyz Prezident Rustam Minnihanowa Tatarystanyň meşhur sport ussatlarynyň türkmen hünärmenleri üçin maslahat beriş çärelerini gurandyklary üçin minnetdarlyk bildirdi.
Duşuşyk tamamlanandan soň, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belent mertebeli myhmanyň hormatyna resmi agşamlyk naharyny berdi.
Gepleşikler başlamazdan öň, Prezident Rustam Minnihanow Türkmenistanyň Bitaraplyk binasyna gül dessesini goýdy.
Soňra Tatarystan Respublikasynyň Baştutany paýtagtymyzyň Halkara howa menziline geldi we Aşgabatdan ugrady.