Brýusselde Howpsuzlyk boýunça «ÝB-Merkezi Aziýa» dialogynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

2016-njy ýylyň 18-nji maýynda Türkmenistanyň wekiliýeti Brýusselde geçirilen Ýewropa Bileleşiginiň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda howpsuzlyk meseleleri boýunça Ýokary derejeli dialogynyň 3-nji mejlisine gatnaşdy. Howpsuzlyk meseleleri boýunça dialogy Ýewropa Bileleşiginiň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň howpsuzlyk çygrynda hyzmatdaşlygy berkitmekde umumy gyzyklanmalaryny şöhlelendirýär. Dialogyň mejlisine hormatly myhman hökmünde Owganystanyň wekiliýeti çagyryldy.

Duşuşyk daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde Ýewropa gullugynyň daşary syýasat işiniň Baş sekretarynyň orunbasary h-m Helga Şmidiň ýolbaşçylygynda geçirildi.

Mejlisiň dowamynda gatnaşyjylar Ýewropa Bileleşigine, Merkezi Aziýa  we Owganystana degişli esasy meseleler boýunça pikir alyşdylar. Şeýle hem, howpsuzlyk çygryndaky radikalçylyk, daşary ýurtly boýewikleriniň hadysasy, migrasiýa, sebitleýin durnuklylyk we howpsuzlyk, neşe serişdeleriniň bikanun dolanşygy we kontrabandasy ýaly meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.  Ýewropa Bileleşiginiň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda ähli agzalan ugurlarda bilelikdäki tagallalaryny işjeňleşdirmek we Owganystanyň we Merkezi Aziýanyň arasynda sebitleýin hyzmatdaşlyk derejesine galdyrmak barada ylalaşyldy.

Bu dialog halkara terrorizm, ekstremizm, himiki, biologiki, radiologiki we ýadro howplary çygyrlarynda syýasatyň we howpsuzlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşmak hem-de çözmek üçin nowany döretdi.

Ýewropa Geňeşiniň täzelenen BOMCA we CADAP sebitleýin maksatnamalarynyň çarçuwasynda serhetleri dolandyrmak we neşe serişdeleriniň bikanun dolanşygy bilen göreşmek, şeýle hem Ýewropa Bileleşiginiň migrasiýa meselesindäki mehanizmleriniň çarçuwasynda tejribeleri we Ýewropa Bileleşiginiň hem-de üçünji döwletleriň arasyndaky Praga prosesini öwrenmäge Merkezi Aziýa ýurtlarynyň gatnaşmagyny işjeňleşdirmek arkaly migrasiýa ulgamyndaky hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak barada ylalaşyldy.