Türkmenistan-ÝB adam hukuklary boýunça dialog
2016-njy ýylyň 17-nji maýynda Türkmenistanyň wekiliýeti Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda adam hukuklary meselelerinde Brüssel şäherinde geçirilen dialogyň nobatdaky mejlisine gatnaşdy. Dialogyň işine Ýewropa Bileleşiginiň Daşary syýasat boýunça Ýewropa gullugy, ÝB-niň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekiliniň edarasy hem-de Ýewropa Komissiýasynyň ösüş we hyzmatdaşlyk boýunça Baş direktoraty ýaly edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar.
Duşuşygyň barşynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda ynsanperwer ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle-hem, Ombudsmeniň kadalaryna konstitusiýion özgertmeleri amala aşyrmak we halkara hukugynyň ykrar edilen ýörelgelerini nazara almak bilen kanunçylygy kämilleşdirmek; adam hukuklaryny goramak boýunça milli edaralar ýaly ugurlarda özaragatnaşyklary berkitmek hem garalan meselelere girýär. Bulardan başga-da, dialogyň barşynda halkara guramalaryň çäklerinde hyzmatdaşlyk etmek we adam hukuklary ulgamynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ýewropa Bileleşiginiň wekiliýeti Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2016-2020-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli Meýilnamasynyň kabul edilmegine oňyn baha berdi we bu ugurda özarahyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardygyny aýan etdi.