Türkmenistanyň Prezidentiniň “Gadamy batly bedew” atly kitabynyň tanyşdyryş dabarasy
2016-njy ýylyň 22-nji aprelinde Türkmenistanyň Halkara gumanitar ylymlary we ösüş uniwersitetiniň maslahatlar zalynda türkmen bedewiniň baýramçylygyna bagyşlanan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Gadamy batly bedew” atly täze kitabynyň tanyşdyryş dabarasy geçirildi.
Dabaraly çärä Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň, Türkmenistanda akkreditirlenen diplomatik missiýalarynyň we halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň we ylmy edaralarynyň wekilleri, ençeme ýokary okuw jaýlarynyň mugallymlary we talyplary, habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Döwlet ýolbaşçysynyň täze işinde köpýyllyk agtaryşlar, oýlanmalar, taryhy we edebiýat maglumatlar umumylaşdyrylandyr. Onda awtoryň milli atçylyk däpleri baradaky çuňňur bilimleri, şeýle hem türkemn nakyllarynda, atalar sözünde we aforizmlerde öz beýanyny tapan bu temadaky halkyň akyl paýhasynyň iňňän uly bölümi şöhlelendirilendir.
Dabara gatnaşyjylar milli Liderimiziň türkmen halkynyň we bütin adamzadyň bahasyna ýetip bolmajak gymmatlygy bolan behişdi bedewleriň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda ägirt uly tagallasyny nygtadylar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ahalteke bedewlerine belent sarpa goýýandygy, Halkara atçylyk assosiasiýasyny esaslandyrandygy, 2010-njy ýylda onuň ýolbaşçylygyna saýlanandygy, türkmen bedewiniň arassa ganly tohumynyň saklanylmagyna aýratyn üns berýändigi bellenildi. Hormatly Prezidentimiz tarapyndan bu ulgamda alnyp barylýan döwlet syýasaty atçylygy ösdürmek üçin, ozaly bilen bolsa, ahalteke bedewiniň dünýä medeniýetiniň täsin gudraty hökmündäki ornuny hem-de ähmiýetini beýan etmäge gönükdirilendir.
Türkmen, iňlis we rus dillerinde neşir edilen “Gadamy batly bedew” atly kitap maglumatlara baýlygy, wakalaryň düýpli hem-de düşnükli beýan edilmegi bilen tapawutlanýar.
Tanyşdyryş dabarasynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Milletiň liderini täze kitabynyň çykmagy bilen gutldylar we hormatly Prezidentimize ýurdumyzyň gülläp ösmegi, bagtyýarlygy we abadançylygy ugrunda köptaraplaýyn işinde üstünlikleri arzuw etdiler.