SOŇKY HABARLAR
AŞGABATDA TERRORÇYLYGY MALIÝELEŞDIRMÄGE GARŞY GÖREŞMEK BARADAKY MESELELER ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLÝAR
2019-njy ýylyň 25-nji noýabrynda Aşgabatda jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy göreşmek baradaky Ýewraziýa toparynyň (Ýewraziýa topary) 31-nji Umumy mejlisi açyldy. Ýewraziýa toparynyň wezipesi halkara terrorçylygynynyň howpyny, döwletleriň maliýe ulgamynynyň aýdyňlygyny, ynamlylygyny hem-de howpsuzlygyny üpjün etmek arkaly azaltmaklyga ýardam etmekden ybaratdyr. Umumy mejlisiň işine Ýewraziýa toparyna agza döwletleriň we...
AŞGABATDA DIN AZATLYGY MESELELERINE BAGYŞLANAN TEGELEK STOL GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 25-nji noýabrynda Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynda Türkmenistanda din we din azatlygy meselelerine bagyşlanan tegelek stol geçirildi. Çärä Türkmenistanyň Adalatçysy, Türkmenistanyň Daşary işler, Içeri işler, Adalat ministrliklerinden, Döwlet, hukuk we demokratiýa institutyndan wekiller, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky dini meseleler boýunça bölüminiň hünärmenleri, şeýle-de Türkmenistanyň çäginde hereket edýän dürli konfessiýalardyr dini guramalaryň weki...
TÜRKMEN-EMIRLIKLER GATNAŞYKLARY HYZMATDAŞLYGYŇ ÄHLI UGURLARY BOÝUNÇA BERKIDILÝÄR
2019-njy ýylyň 23-nji noýabrynda Dubaý şäherinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň Halkara hyzmatdaşlyk döwlet ministri Rim bint Ibragim Al Haşiminiň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda ministrler türkmen-emirlikler gatnaşyklarynyň ösüşini, şol sanda söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar. Halkara meseleleri babatda meňzeş nukdaýnazarlaryň hem-de başlangyçlaryň köptaraplaýyn görnüşlerde ikitarapla...
AŞGABATDA HALKARA TEATR FESTIWALY TAMAMLANDY
Şu gün paýtagtymyzda Magtymguly adyndaky milli sazly-drama teatrynda «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly III halkara festiwalyň ýapylyş dabarasy boldy. Bu iri forum myhmansöýer türkmen topragynda dünýäniň 12 döwletinden gelen döredijilik ulgamynyň wekillerini birleşdirip, festiwaly geçirmek başlangyjynyň esasynda goýlan parahatçylyk, ýagşylyk we döredijilik maksatlarynyň mizemezliginiň aýdyň beýanyna öwrüldi. Teatr sungatynyň festiwaly asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan milli däpleri...
AŞGABATDA SÖWDA-YKDYSADY, YLMY-TEHNIKI WE MEDENI HYZMATDAŞLYK BOÝUNÇA BILELIKDÄKI TÜRKMEN-ÖZBEK TOPARYNYŇ NOBATDAKY MEJLISI GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 23-nji noýabrynda paýtagtymyzyň “Arçabil” myhmanhanasynda söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň 15-nji mejlisi geçirildi. Toparyň türkmen tarapyna Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary E.Orazgeldiýew, özbek tarapyna Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň birinji orunbasary A.Rahmatow ýolbaşçylyk etdi. Mejlisiň dowamynda ýokary derejede gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek boýunça alnyp...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNA IŞ SAPARY MEÝILLEŞDIRILÝÄR
2019-njy ýylyň 28-29-njy noýabry aralygynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasyna iş sapary amala aşyrylar. Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidentiniň Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen ikiçäk duşuşygynyň bolmagy meýilleşdirilýär. Iki ýurduň Baştutanlary hyzmatdaşlygyň ähli ugurlary boýunça türkmen-özbek gatnaşyklaryny giňeltmegiň mümkinçiliklerine serederler. / Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi /
WAŞINGTONDA TÜRKMEN-AMERIKAN HYZMATDAŞLAGYNYŇ SYÝASY WE YKDYSADY UGURLARY ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2019-njy ýylyň 21-nji noýabrynda, Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň Waşingtona bolan saparynyň çäklerinde, ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň ykdysady ösüş, energetika we daşky gurşaw boýunça orunbasary Kit Kraç bilen duşuşyk geçirildi. Taraplar söwda-ykdysady we ulag-üstaşyr ulgamlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini, şol sanda, nebit-gaz, sanly tehnologiýalar we gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslaha...