SOŇKY HABARLAR
AŞGABATDA TÜRKMEN-OWGAN IŞEWÜRLIK MASLAHATY GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 27-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmen-owgan işewürlik maslahaty geçirildi. Türkmen tarapyndan foruma ýurdumyzyň birnäçe ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, şol sanda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň, şeýle-de Söwda-senagat edarasynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar. Owganystanyň wekilçilikli wekiliýetiniň arasynda ýurduň söwda-ykdysadyýet ulgamynyň hünärmenleri we hususy telekeçiler bardyr. Duşuşygyň barşynda...
ŽENEWADA “HAZAR DEŇZI SEBITINIŇ ULAG-ARAGATNAŞYK MÜMKINÇILIKLERI: AZERBAÝJAN WE TÜRKMENISTAN – IŇ GYSGA ÝOL” ATLY TEGELEK STOL GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 26-njy fewralynda BMG-niň Ženewadaky edarasynda BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Içerki Ulaglar boýunça Komitetiniň 82-nji sessiýasynyň çäklerinde Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky hemişelik wekilhanasynyň başlangyjy bilen, BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasy we Azerbaýjanyň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky hemişelik wekilhanasy bilen bilelikde guramagynda “Hazar deňzi sebitiniň ulag-aragatnaşyk mümkinçilikleri: Azerbaýjan we Türkmenistan – iň g...
Türkmenistan energetika we maýa goýum hyzmatdaşlygynyň gerimini giňeldýär
BAE-niň Dubaý şäherinde geçirilen «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2020» atly halkara çäre ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan iri we ähmiýetli wakalaryň biri boldy. Forum döwletimiziň dünýä giňişliginde alyp barýan ykdysady diplomatiýasynyň ýörelgelerini hem-de ählumumy energetika howpsuzlygy ýaly örän möhüm ulgamda köptaraply deňhukukly gatnaşyklara taýýardygyny özünde jemledi. “Häzirki döwürde dünýä energetika bazaryna bäsleşik giňişligi we täsir ediş ulgamy hökmünd...
Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli Awstriýanyň Diplomatik Akademiýasynda tegelek stoly geçirdi
2020-nji ýylyň 26-njy fewralynda Türkmenistanyň Awstriýa Respublikasyndaky Ilçihanasy Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli Wenany Diplomatik Akademiýasynda tegelek stoly geçirdi. Tegelek stola Awstriýanyň Daşary işler ministrliginiň wekilleri, Ilçiler, halkara guramalaryň wekilleri, ylmy işgärler, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň agzalary gatnaşdylar. Çäräniň dowamynda Diplomatik Akademiýasynyň direktory E.Briks, Halkara ynsanperwer yl...
DUBAÝDA «TÜRKMENISTANYŇ NEBITI WE GAZY» HALKARA ROUND-ŞOU AÇYLDY
2020-nji ýylyň 24-nji fewralynda Dubaýda «Hyatt Regency» myhmanhanasynyň «Al Maha» maslahatlar zalynda «ТOPH – parahatçylygyň we hyzmatdaşlygyň gaz geçirijisi» atly halkara maslahatynyň we «Türkmenistanyň nebiti we gazy» Halkara round-şounyň resmi açylyş dabarasy geçirildi. Türkmenistanyň nebitgaz pudagynyň ösüş mümkinçilikleri daşary ýurt maýadarlarynyň, edil şonuň ýaly-da halkara guramalarynyň, hökümet wekiliýetleriniň we söwda kompaniýalarynyň ünsüni özüne çekýändir. Dünýäniň 40-a golaý ýu...
TÜRKMENISTANYŇ SENAGAT WE GURLUŞYK ÖNÜMÇILIGI MINISTRINIŇ SANKT-PETERBURG ŞÄHERINE SAPARY
Russiýa Federasiýasyna iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministri Serdar Berdimuhamedow 2020-nji ýylyň 18-20-nji fewraly aralygynda Sankt-Peterburg şäherinde boldy. Saparyň çäklerinde Sankt-Peterburg şäheriniň Gubernatory A.D.Beglow bilen duşuşyk geçirildi. Taraplar hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de çuňlaşdyrylmagy, şol sanda gurluşyk we senagat ulgamyndaky gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegi boýunça pikirleri alyşdylar. Gepleşikleriň barşynda Türkmenistanyň Russ...
TÜRKMENISTANYŇ SENAGAT WE GURLUŞYK ÖNÜMÇILIGI MINISTRINIŇ RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ TATARSTAN RESPUBLIKASYNA SAPARY
2020-nji ýylyň 17-18-nji fewraly aralygynda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministri Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasyna iş saparynyň çäklerinde Tatarstan Respublikasynda boldy. Saparyň barşynda Tatarstanyň Prezidenti R.N.Minnihanow bilen gepleşikler geçirildi. Taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk hem giňeldilmegi, şol sanda gurluşyk we senagat ulgamlarynda özarahereketleriň işjeňleşdirilmegi boýunça pikir alyşdylar. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Pr...