SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň Belgiýadaky Ilçihanasy Brýussel şäherinde kiçi futbol boýunça bäsleşik geçirdi
Türkmenistanda “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” şygary astynda her ýyl geçirilýän köpçülikleýin bedenterbiýe-sport we medeni-sagaldyş çäreleriň biraýlygyna bagyşlap, Türkmenistanyň Belgiýa Patyşalygyndaky Ilçihanasy 2018-nji ýylyň 28-nji aprelinde Brýussel şäherinde kiçi futbol boýunça bäsleşik geçirdi. Diplomatik edaralaryň we halkara guramalaryň wekilçilik etmeginde geçen bäsleşikde Merkezi Azia döwletleriniň (Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzstanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň diplomatlaryndan yb...
Energetika infrastrukturasynyň tebigy betbagtçylyklardan goraglylygy – ÝHHG-niň Türkmenistandaky okuw maslahatynyň üns merkezinde
2018-nji ýylyň 26-27-nji aprelinde ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkezi energetika infrastrukturasynyň goragyna we energetika howpsuzlygyny berkitmäge gönükdirilen mümkin bolan howplaryň we netijeli seslenme çärelerini taýýarlamaga, beýleki mehanizmleriň täsiriniň we ornaşdyrylmagynyň seljerilmegi meselelerinde öňdebaryjy halkara tejribesini alyşmak maksady bilen Aşgabatda iki günlük çäresini gurnady. Maslahatyň işine adatdan daşary ýagdaýlar boýunça Döwlet toparynyň, harby we hukuk goraýjy edaralar...
Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň VIII gurultaýy
Şu gün paýtagtymyzda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň nobatdan daşary VIII gurultaýy geçirildi, onda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň esasy syýasy guramalarynyň biriniň öňünde durýan möhüm wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy. Gurultaýa wekillerden başga-da, hökümet agzalary, Mejlisiň deputatlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ylmy edaralaryň, iri jemgyýetçilik guramalarynyň we döredijilik birleşmeleriniň, köpçulikleýin habar beriş serişdeler...
Türkmenistan — BMG: durnukly ösüş ugrunda hyzmatdaşlyk
Şu gün paýtagtymyzdaky “Ýyldyz” myhmanhanasynda ýurdumyzyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň bilelikdäki okuw maslahaty geçirildi. Türkmenistanda 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmegiň barşy maslahatyň esasy mowzugyna öwrüldi. Çykyş edenleriň belleýişleri ýaly, ählumumy howpsuzlygyň aýdyň maksatnamasy, Durnukly ösüş maksatlaryny üstünlikli amala aşyrmagyň bähbidine dünýä syýasatynyň möhüm meseleler...
Eýranyň Prezidentiniň Türkmenistana resmi sapary tamamlandy
2018-nji ýylyň 28-nji martynda Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hasan Ruhani Türkmenistana bolan resmi saparynyň çäklerinde “Gadymy Merw” Döwlet taryhy-medeni goraghanasyna baryp gördi. Mälim bolşy ýaly, Aşgabatda ýokary derejedäki türkmen-eýran gepleşikleri geçirildi. Ol iki döwletiň we halklaryň asyrlaryň dowamynda berkän, hoşniýetli goňşuçylyk däplerine, ähli ugurlar boýunça özara peýdaly hyzmatdaşlygy ösdürmäge we işjeňleşdirmäge bolan ikitaraplaýyn gyzyklanmalara ygrarlylygyny ykra...
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde GDA-nyň Ýerine Ýetiriji Komitetiniň Başlygy –Ýerine Ýetiriji Sekretary bilen duşuşyk boldy
2018-nji ýylyň 23-njy martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň saýlawlaryna GDA-nyň Synçylar wekiliýetine baştutanlyk edip türkmen paýtagtyna gelen GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy –Ýerine ýetiriji sekretary Sergeý Nikolaýewiç Lebedew bilen duşuşyk boldy. Gepleşikleriň barşynda 2018-nji ýylyň 25-nji martynda Türkmenistanda geçiriljek Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň saýlawlaryna görülýän taýýarlyklar barada, şeýle-hem halk...
Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň döredilmeginiň 10 ýyllygyna bagyşlanyp ylmy-amaly maslahat geçirildi
2018-nji ýylyň 20-nji martynda Aşgabatda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň döredilmeginiň 10 ýyllygyna bagyşlap «Bitarap Türkmenistanyň diplomatiýasy: taryhdan geljege» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Irden institutyň baş binasynyň foýesinde Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň işiniň taryhyna bagyşlanan sergi açylyp, oňa Türkmenistanyň Mejlisiniň, Ylymlar akademiýasynyň wekilleri, ýurduň ýokary okuw jaýlarynyň mugallymlary we...