RSS

SOŇKY HABARLAR

11 Sen

“Amul — Hazar 2018” halkara awtorallisi badalga aldy

2018-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda Lebap welaýatynyň administratiw merkezinde “Amul — Hazar 2018” awtorallisi badalga aldy. Öň ýanynda sport ulaglarynyň ekipažlary administratiw barlagdan we tehniki gözegçilikden geçdiler, ýaryşyň geçjek ugry bilen tanyşdylar — olara ýol kitapçasy gowşuryldy. Bu kitapça bolsa ýol kagyzçasyndan, ýaryşyň geçýän ugry boýunça ýerleriň kartasyndan ybaratdyr. Awtoralliniň tertibine laýyklykda, badalgadan öňki zolakda Ýapyk Park tertibi hereket edýär. Irden ekipažla...

DOWAMY
11 Sen

«Amul-Hazar 2018» halkara awtorallisiniň başlanmagy mynasybetli maslahat

2018-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda Türkmenabat şäheriniň Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda «Amul-Hazar 2018» halkara awtorallisiniň başlanmagyna hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ak pata bermegi mynasybetli maslahat geçirildi. Bu çärä «Amul-Hazar 2018» halkara awtorallisine taýýarlyk görmek we ony geçirmek boýunça jogäpkär ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň ýolbaşçylary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, jemgyýetçilik guramalary...

DOWAMY
10 Sen

Türkmenabatda halkara awtorallisiniň başlanmagy mynasybetli brifing geçirildi

2018-nji ýylyň 10-njy sentýabrynda Türkmenabat şäherinde Žan-Lui Şlesseriň, «Amul-Hazar 2018» bäsleşiginiň direktory Rene Metsiň we rallä gatnaşýan meşhur türgenleriň gatnaşmagynda brifing geçirildi. Mundan öň ekipažlaryň agzalaryna ilkinji ýol kitapçasyny paýladylar. Brifinge 25 ýurduň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Žan-Lui Şlesser brifingi açmak bilen Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa ralliniň guramaçylyk işlerine beren aýratyn ünsi we goldawy, awtospotyň...

DOWAMY
30 Awg

Türkmenistanyň DIM-de “Amul-Hazar 2018” halkara awtorallisine bagyşlanyp brifing geçirildi

2018-nji ýylyň 28-nji awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda “Amul–Hazar 2018” halkara awtorallisiniň geçirilmegine bagyşlanyp brifing geçirildi. Brifinge Türkmenistanda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalarynyň hem-de halkara guramalaryň wekilhanalarynyň işgärleri, şeýle hem ýurdumyzda işleýän daşary ýurtlaryň we milli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Brifingde gatnaşyjylaryň öňünde Türkmenistanyň Içeri işler, Sport we ýaşlar syýas...

DOWAMY
30 Awg

ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezi köpçülikleýin habar beriş serişdeleri üçin maslahat geçirýär

2018-nji ýylyň 28-nji awgustynda “Ýyldyz” myhmanhanasynda “Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri hakynda kanunçylygy kämilleşdirmek hem-de söz azatlygyny ilerletmek babatda hyzmatdaşlyk” atly taslamanyň çäklerinde ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezi tarapyndan guralan iki günlük maslahat öz işine başlady. Okuw maslahatyna dürli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň – teleradioýaýlymlaryň, gazet-žurnallaryň wekilleri, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary, şeýle hem degişli ministrlikl...

DOWAMY
7 Awg

TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE ÝUNESKO-NYŇ KLASTER EDARASYNYŇ DIREKTORY BILEN DUŞUŞYK

2018-nji ýylyň 7-nji awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde özüniň Türkmenistandaky diplomatik işini tamamlaýan, ÝUNESKO-nyň Tähran şäherindäki klaster edarasynyň direktory hanym Ester Kuiş-Laroş bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda abraýly halkara guramasynyň wekili türkmen tarapyna şu ýyllaryň dowamynda wezipesini ýerine ýetirmekde eden ýardamlary üçin tüýs ýürekden minnetdarlygyny bildirdi.  Gepleşikleriň dowamynda taraplar hyzmatdaşlagyň ileri tutulýan ugurlary hak...

DOWAMY
6 Awg

AŞGABATDA “AMUL-HAZAR 2018” (TURKMEN DESERT RACE) HALKARA AWTORALLISINE BAGYŞLANAN MEDIA-FORUM GEÇIRILDI

2018-nji ýylyň 5-nji awgustynda, “Sport” myhmanhanasynyň konferens-zalynda Türkmenistanda “Amul-Hazar 2018” (Turkmen Desert Race) Halkara awtorallisini geçirmek bilen bagly bolup duran meseleler bilen tanyşmak maksady bilen media-forum geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň we Telewideniýe, Radio we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň gatnaşmagynda gurnaldy. Forumyň işine awtoulaglar dünýäsiniň öňdebaryjy hünärmenleri,...

DOWAMY