RSS

SOŇKY HABARLAR

6 Noý

Türkiýede «Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly ylmy-amaly maslahat we kitabyň tanyşdyryş dabarasy geçirildi

Türkmenistanyň Türkiýedäki Ilçihanasy Türkiýe Respublikasynyň Kastamonu döwlet uniwersiteti bilen bilelikde 2018-nji ýylyň 6-njy noýabrynda “2018-nji ýylda Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilen Kastamonu şäherinde «Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly ylmy-amaly maslahaty we hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly birinji kitabynyň türk dilindäki nusgasynyň tanyşdyryş dabarasy hem-de “Türkmenistan günleri” mynasybetli çäreler geçirildi...

DOWAMY
6 Noý

Şanhaý şäherindäki ilkinji hytaý import sergisine Türkmenistanyň gatnaşmagy

2018-nji ýylyň 5-nji noýabrynda Şanhaý şäheriniň Milli sergi toplumynda HHR-niň Başlygy Si Szinpiniň gatnaşmagynda we çykyş etmeginde ilkinji hytaý halkara import sergisiniň dabaraly açylyşy boldy. Bu çärä wekilleriniň özüniň ösüşini we öndürýän harytlarynyň ýeten derejelerini görkezýän 80-den gowrak döwletiň söwda-maýagoýum pawilýonyna dünýäniň birnäçe ýurtlaryndan döwlet we hökümet baştutanlary gatnaşdylar. Sergide Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar, senagat, oba hojalygy, dokma sen...

DOWAMY
6 Noý

Türkmenistandaky diplomatik korpusyň wekilleriniň Ahal welaýatynda ýerleşýän düzediş edarasyna sapary

2018-nji ýylyň 6-njy noýabrynda Germaniýanyň, Fransiýanyň, Italiýanyň, Beýik Britaniýanyň, Rumyniýanyň, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Ilçihanalarynyň, Ýewropa Bileleşiginiň wekilhanasynyň, ÝHHG-nyň Merkeziniň, BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň we ÝUNISEF-iň wekilhanalarynyň baştutanlary, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasynyň Sebitleýin merkeziniň wekilleri Ahal welaýatynda ýerleşýän düzediş edarasyna tanyşlyk sapary bilen bardylar. Hormatly Prezidentimiz BMG-niň Baş Assambleýasy...

DOWAMY
6 Noý

Türkmenistanyň DIM-inde Kuba Respublikasynyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

2018-nji ýylyň 6-njy noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen Kuba Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Alfredo Niewas Portuondonyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda taraplar iki ýurduň BMG-niň çägindäki ýakyn hyzmatdaşlyklaryň ähmiýetleri barada pikir alyşdylar. Türkmenistan bilen Kubanyň BMG-niň çäklerinde biri-biriniň öňe sürýän tekliplerini goldaýandyklary bellenilip geçild...

DOWAMY
5 Noý

BMG-niň Çagalar Gaznasynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa sebiti boýunça müdiri bilen duşuşyk

2018-nji ýylyň 5-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň (ÝUNISEF) Ýewropa we Merkezi Aziýa sebiti boýunça müdiri we Ýewropada bosgunlaryň we migrantlaryň meseleleri boýunça ýörite utgaşdyryjysy hanym Afşan Hanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda taraplar türkmen hökümeti we ÝUNISEF-iň arasyndaky hyzmatdaşlyklary boýunça 2016-2020-nji ýyllardaky döwri üçin Dö...

DOWAMY
2 Noý

Gamburgda “Margiana -Türkmenistanyň çäklerindäki bürünç asyrynyň şalygy” atly sergisi

2018-nji ýylyň 1-nji noýabrynda Gamburgyň Arheologiýa muzeýinde “Margiana -Türkmenistanyň çäklerindäki bürünç asyrynyň şalygy” atly arheologiki sergisiniň açylyşy boldy. Açylyş dabarasyna 400 golaý adam gatnaşyp, olaryň arasynda Gamburg şäheriniň medeniýet boýunça edarasynyň, nemes muzeýleriniň ýolbaşçylary, Gamburgda akkreditirlenen diplomatik gulluklaryň ýolbaşçylary, Germaniýanyň ylym gurşawlarynyň wekilleri, german jemgyýetçilik guramalarynyň we kompaniýalarynyň, şeýle hem türkemn diaspor...

DOWAMY
2 Noý

Astanada GDA-nyň hökümet baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisi geçirildi

2018-nji ýylyň 2-nji noýabrynda Gazagystanyň paýtagty Astana şäherinde GDA-nyň hökümet baştutanlarynyň geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Mejlise Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti gatnaşdy. Wekiliýet ýolbaşçylary düzüminde geçirilen mejlisde GDA-nyň agza ýurtlaryň arasynda ykdysady hyzmatdaşlygyň aktual meseleleri ara alyp maslahatlaşyldy. Giňişleýin düzümde geçirilen mejlisiň gün tertibinde 15 sany dürli ulgamlarda hyzm...

DOWAMY