RSS

SOŇKY HABARLAR

15 Noý

Türkmenistanyň wekiliýeti Abu-Dabide “ADIPEС–2018” atly nebitgaz sergi–maslahatyna gatnaşdy

2018–nji ýylyň 12–15-nji noýabry aralygynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherinde bu ýurduň Prezidenti Şeýh Halifa bin Zaýed Al Nahaýýanyň howandarlygynda “ADIPEС–2018” atly 21-nji halkara nebit-gaz sergisi we maslahaty geçirildi. “ADIPEС–2018” – energiýa çeşmeleriniň gelejegini ara alyp maslahatlaşmak we özara tejribeleri alyşmaklyk maksady bilen ýokary derejeli resmi adamlary, nebitgaz senagatynyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň ýolbaşçylaryny we bilermenleri bir ýere jemleýän dünýäni...

DOWAMY
15 Noý

Aşgabatda CAREC-iň 17-nji Ministrler maslahaty öz işine başlady

2018-nji ýylyň 15-nji noýabrynda Aşgabat şäherinde «Merkezi Aziýada sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk (CAREC)» maksatnamasynyň 17-nji Ministrler maslahaty öz işine başlady. Maslahatyň işine gatnaşmak üçin türkmen paýtagtyna Azerbaýjan Respublikasynyň, Owganystan Yslam Respublikasynyň, Gruziýanyň, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Hytaý Halk Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Mongoliýanyň, Pakistan Yslam Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Özbegista...

DOWAMY
15 Noý

Aşgabatda CAREC-iň 17-nji Ministrler maslahaty geçiriler

2018-nji ýylyň 15-nji noýabrynda Aşgabat şäherinde «Merkezi Aziýada sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk (CAREC)» maksatnamasynyň 17-nji Ministrler maslahaty geçiriler. Halkara derejesinde geçiriljek bu maslahata CAREC maksatnamasyna girýän agza ýurtlarynyň maliýe we ykdysadyýet ministrleriniň hem-de halkara guramalaryň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagyna garaşylýar. Maslahatyň dowamynda CAREC-e gatnaşýan döwletleriniň 2018-2030-njy ýyllar üçin strategik hereketiň meýilnamasyna serediler. Şeýle hem m...

DOWAMY
14 Noý

Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri üçin maglumat

2018-nji ýylyň 14-nji noýabrynda Russiýanyň “Nowosti” habarlar agentligi, Gyrgyz Respublikasynyň Tokmok şäherinde bolup geçen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna (GDA) gatnaşýan döwletleriň serhet goşunlarynyň serkerdebaşylarynyň Geňeşiniň 80-nji mejlisiniň jemlerine salgylanmak bilen, hamana, türkmen-owgan serhetinde ýagdaýyň ýitileşenligi barada ýalan habary ýaýratdy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bu habaryň hakykata laýyk gelmeýänligini we ony Türkmenistan b...

DOWAMY
14 Noý

Türkmenistan we Germaniýa- ikitaraplaýyn bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ýolunda

2018-nji ýylyň 14-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň wekiliýetiniň Germaniýa Federatiw Respublikasyna sapary başlady. Saparyň ilkinji gününde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň wekiliýeti German ykdysadyýetiniň Gündogar komiteti tarapyndan gurnalan “Esasy üns Gündogar Ýewropa tarap  -  işewürler gepleşikde” atly maslahata gatnaşdylar. Bu maslahat iri nemes kompaniýalarynyň, banklarynyň hem-de Germaniýanyň söwda edaralarynyň 250-den gowrak töweregi ýolbaşçylaryny...

DOWAMY
14 Noý

Braziliýanyň Türkmenistandaky Ilçisi öz işine başlady

2018-nji ýylyň 14-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabat şäherine ynanç hatlaryny gowşurmak maksady bilen gelen Braziliýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Astana ş.) h-m Marsiýa Donner Abreu bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda Ilçini bu jogapkärçilikli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, türkmen tarapy ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge ygrarlylygyny beýan etdi. Gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy bara...

DOWAMY
13 Noý

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Özbegistanyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy

2018-nji ýylyň 13-nji noýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Iki doganlyk halkyň mizemez dostlugyna esaslanan däbe öwrülen döwletara dialogyň ýokary derejesine ünsi jemläp, ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişini hem-de özara bähbitli gatnaşyklary mundan beýläk-de köpugurly esasda ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Söhbetdeşler ik...

DOWAMY