Manisanyň Jelal Bayar uniwersitetinde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli çäre geçirildi
2020-nji ýylyň 27-nji fewralynda Türkmеnistаnyň Türkiýe Rеspublikаsyndаky Ilçihаnаsy (Аnkаrа ş.) wе Bаş kоnsullugy (Stаmbul ş.) tаrаpyndаn Manisa welaýatynyň Jelal Baýar uniwersitetinde, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli ylmy maslahat we dabaraly çäre geçirildi.
Geçirilen çärä uniwersitetiň ýolbaşçylary we mugallymlary, bilim alýan türkmenistanly we daşary ýurtly talyplar, Manisa welaýat Medeniýet müdürliginiň, dürli ylmy edaralaryň we jemgyýetçilik guramalaryň, habar beriş serişdeleriň wekilleri gatnaşdylar.
Dabaraly çärede çykyş edenler Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatynyň sebitde parahatçylygyň we howpsuzlygyň pugtalandyrylmagynyň, şeýle hem dünýäniň döwletleri bilen parahatçylykly we dostlukly gatnaşyklary ösdürmegiň netijeli guraly bolup durýandygyny aýratyn belläp geçdiler.
Şeýle-de dabaraly çäräniň dowamynda talyp ýaşlarymyz Watanymyzy wasp edýän aýdym-sazlary, Magtymguly Pyragynyň goşgylary, milli tanslary bilen çykyş etdiler.