TÜRKMENISTANYŇ DIM-NIŇ ÝOLBAŞÇYSY ŞHG ÝURTLARYNYŇ HÖKÜMET BAŞTUTANLARYNYŇ GEŇEŞINIŇ MEJLISINE GATNAŞDY
Wise-premýer, Türkmenistanyň daşary işler ministri Reşit Meredow iş sapary bilen Daşkentde boldy, bu ýerde 2-nji noýabrda Şanhaý Hyzmatdaşlygy Guramasy ýurtlarynyň hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçirildi, diýlip ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň saýtynda habar berilýär.
ŞHG-nyň sammitinde çykyş edip, Reşit Meredow Türkmenistanyň Şanhaý Hyzmatdaşlygy Guramasy ýurtlary bilen köpugurly gepleşiklere taýýardygyny nygtady. Energiýa serişdelerini durnukly ugratmak ulgamyny üpjün etmek, ulag we maýa goýumlary ulgamlary özara hereketiň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi.
Daşkende iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysyny Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew kabul etdi.
Duşuşygyň dowamynda esasy halkara meseleleri boýunça pikir alşyldy, şeýle hem söwda-ykdysady, ulag-kommunikasiýa, energetika, oba hojalygy ulgamlarynda döwletara hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň mümkinçiliginiň bardygy bellenildi. Türkmen-özbek ynsanperwer gatnaşyklaryny we iki ýurduň serhetýaka sebitleriniň arasynda hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny işjeňleşdirmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
/ Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi /