Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dabaraly çärelere gatnaşdy

Şu gün Garaşsyz, Bitarap ýurdumyz milli senenamamyzda şanly seneleriniň birini — Türkmenistanyň Konstitusiýanyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününi belledi.

Watanymyzyň mukaddes nyşanlary bolmak bilen, Konstitusiýamyz hem-de ýaşyl Tugumyz türkmen halkynyň mizemez jebisligini, onuň parahatçylygyň, ynsanperwerligiň we döredijiligiň belent maksatlaryna üýtgewsiz ygrarlylygyny beýan edýär.

Paýtagtymyz Aşgabat ählihalk baýramçylygynyň merkezine öwrüldi, bu ýerde milli Liderimiziň gatnaşmagynda ýurdumyzyň Konstitusiýa binasyna hem-de Baş tuguna gül goýmak dabarasy boldy.

Ir säher bilen gojaman Köpetdagyň gözel künjeginde seleňläp görünýän Konstitusiýa binasynyň ýanynda baýramçylyk çäreleri başlanyp, olar ene topragymyzda ýaýbaňlandyrylan beýik özgertmeleriň many-mazmunyny şöhlelendirýär.

Şemala pasyrdaýan ýaşyl baýdaklar, ajaýyp aýdymlardyr sazlaryň owazy, dürli reňkli bark urýan güller hem-de ýadygärlikler toplumynyň ýanynda ýygnanan adamlaryň güler ýüzleri — bularyň hemmesi buýsanç duýgusyny artdyrýan tolgundyryjy ýagdaýy döredýär.

Watandaşlarymyz bu baýramçylyga aýratyn sarpa goýýarlar. Ol halkymyzy belent watançylyk ruhunda terbiýeläp, jebisleşdirip, onuň döredijilik ylhamyny joşdurýar we gujur-gaýratyny artdyrýar.

«Türkmenistanyň garaşsyzlygy we döwlet gurluşynyň esaslary hakyndaky» Kanunda: «Türkmenistanyň garaşsyzlygy belent maksatlaryň hatyrasyna — türkmen halkynyň öz hakyky milli döwletini edinmeginiň hatyrasyna, milletine, jynsyna, sosial gelip çykyşyna we uýýan dinine garamazdan, her bir adam üçin Türkmenistanyň Konstitusiýasynda, Adam hukuklarynyň ählumumy jarnamasynda we halkara hukugyň beýleki kadalarynda göz öňünde tutulan hukuklary we azatlyklary üpjün etmegiň, kanun agalyk edýän ynsanperwer demokratik jemgyýet gurmagyň hatyrasyna jar edilýär» diýlip kesgitlendi.

Dabara gatnaşyjylaryň hatarynda hökümet agzalary, Mejlisiň Başlygy, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň häkimi, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň baştutanlary, hormatly ýaşulular, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, paýtagtymyzyň myhmanlary, ýaşlar we beýlekiler bar.

Hormatly Prezidentimiziň awtoulagy Konstitusiýa binasynyň öňündäki baýramçylyk lybasyna beslenen meýdança gelip saklanýar. Hemmeler Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň başyny başlan we ruhlandyryjysy milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy mähirli garşylaýarlar. Milli lybasly gyzlar hormatly Prezidentimize ajaýyp gül desselerini gowşurýarlar. Dabaraly owaz ýaňlanýar, bu ýere ýygnananlar eziz Watanymyzy, Gahryman Arkadagymyzy mübärekläp, el çarpýarlar.

Döwlet Baştutanymyz haly ýodasyndan ýöräp, ýörite bellenilen ýere geçýär.

Ýurdumyzyň Döwlet senasy ýaňlanýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Konstitusiýa binasynyň etegine özygtyýarly Türkmenistanyň döwlet esaslarynyň, demokratik sütünleriniň hem-de bu gün mynasyp dowamyna eýe bolan halk häkimiýetliliginiň köp asyrlyk däpleriniň mizemezligini alamatlandyrýan ajaýyp gül çemenini goýdy.

Konstitusiýanyň esasy pikirini öz içine alan giriş bölüminde öz nesillerine eziz Watanymyza bolan söýgini we wepalylygy, ýagşylyga we adalatlylyga bolan ynamy mukaddeslik hökmünde wesýet eden ata-babalarymyzyň ruhy mirasy hakynda pikiriň öz beýanyny tapmagy tötänden däldir. Şonuň üçin bu gün türkmen halky bu şanly senäni bellemek bilen, öz gadymy taryhynyň beýikligine düşünip, parasatly wesýetlere hormatyny we sarpasyny beýan edýär.

Türkmenistanyň Konstitusiýasy mizemez düzgünlerini saklap galmak bilen, şol bir wagtda döredijilikli kämilleşýän resminama bolup durýar, ýurdumyzda bolup geçýän özgertmeleri, durmuşyň ähli ugurlarynyň sazlaşykly ösmegini nazara almak bilen, onuň üsti ýetirilýär we kämilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baýramçylyk mynasybetli halkymyza iberen Gutlagynda şeýle diýilýär: “Demokratik, hukuk we dünýewi döwlet, adalatly raýat jemgyýeti, parahatçylyk, ynsanperwerlik, adalatlylyk baradaky milli düşünjelerimizi özünde jemleýän Konstitusiýamyz, dostlugymyzyň we hoşniýetliligimiziň nyşany hökmünde Ýer ýüzünde belentden pasyrdaýan Döwlet baýdagymyz biziň milli guwanjymyzdyr, dünýä ýaň salýan abraýymyz we mertebämizdir”.

Milli Liderimiziň göreldesine eýerip, Hökümetiň agzalary, Mejlisiň deputatlary, harby hem-de hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, şeýle hem ähli dabara gatnaşyjylar Konstitusiýa binasyna gül desselerini goýdular.

Halkymyzyň bu baýrama çuňňur sarpa goýmagy türkmenistanlylaryň Garaşsyz Watanyna, häzirki döwürde gazanylýan üstünlikleri has-da artdyryp, ata-babalarymyzyň parahat topragynda erkin ýaşamak hem-de zähmet çekmek bagtyna bolan duýgularynyň çuňňurlygyny alamatlandyrýar.

Soňra paýtagtymyzyň ýaşaýjylary we myhmanlary şäheriň günorta böleginde geçirilen dabara gatnaşdylar. Bu ýerde 133 metrlik baýdak sütüni — Türkmenistanyň Döwlet baýdagy pasyrdap duran dünýäniň iň belent sütünleriniň biri seleňläp görünýär.

Aşgabadyň gözel künjekleriniň birinde, Köpetdagyň eteginde oturdylan ýaşyl Tugumyz şäheriň islendik ýerinden diýen ýaly görünýär. Ol asuda asmanda şemala pasyrdap, döwürleriň we nesilleriň üznüksiz arabaglanyşygyny, türkmeniň baý taryhyny we medeniýetini, parasatly durmuş pelsepesini, şöhratly geçmişini, ajaýyp şu gününi hem-de nurana geljege bolan batly gadamlaryny alamatlandyrýar.

Ýurdumyzyň welaýat merkezlerinde hem-de «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda oturdylan belent baýdak sütünlerinde ýaşyl tuglar al-asmanda pasyrdap, halkymyzyň öz milli Baýdagyna çuňňur hormatynyň, mukaddeslige sarpasynyň aýdyň subutnamasy bolup durýar.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe mukaddes Tugumyzyň astynda eziz Watanymyzda gerimi boýunça deňi-taýy bolmadyk özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar, durmuşyň ähli ugurlarynda belent sepgitlere ýetilýär. Ak mermerli paýtagtymyz Aşgabadyň, şäherlerimiziň we obalarymyzyň keşbi okgunly özgerýär, eziz Watanymyzyň ykdysady kuwwaty berkeýär we artýar, türkmenistanlylaryň durmuş derejesi ýokarlanýar.

Döwlet Baştutanymyzyň awtoulagy Baýdak sütüniniň öňündäki meýdança gelip saklanýar. Bu ýere ýygnananlar milli Liderimizi mähirli mübärekleýärler.

Dabaraly pursat gelip ýetýär. Milli Tugumyz belentde pasyrdap, dabara gatnaşyjylaryň ýüreklerine eziz Watanymyza bolan buýsanç duýgularyny paýlaýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň buýsanç bilen parlaýan belent baýdak sütüniniň etegine ajaýyp gül çemenini goýdy.

Mejlisiň Başlygy we deputatlary, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, dabara gatnaşyjylar döwlet Baştutanymyzyň göreldesine eýerýärler.

Bu gün Türkmenistanyň Döwlet baýdagy tutuş dünýäde tanalyp, oňyn Bitaraplyk, hoşniýetli goňşuçylyk, sebit we dünýä möçberinde dostlukly gatnaşyklar we netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerinde guralýan ýurdumyzyň daşary syýasatynyň esasy ugurlaryny özünde jemleýär. Milli Liderimiziň başyny başlan we yzygiderli amala aşyrýan bu öňdengörüjilikli täzeçillik ugry halkara giňişlikde eziz Watanymyzyň abraýynyň has-da artmagyny şertlendirdi.

Milli nyşanlar bilen bir hatarda parahatçylyk söýüjiligiň, bitaraplygyň hem-de hoşniýetli erk-islegiň maksatlaryny alamatlandyrýan zeýtun pudagynyň iki baldagy bilen bezelen Döwlet tugymyz BMG-niň Baş edarasynyň binasynyň öňünde hem-de beýleki iri halkara guramalarda buýsançly parlaýar.

Dabaraly çäre tamamlanandan soň, döwlet Baştutanymyz oňa gatnaşyjylar bilen mähirli hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň hem-de Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli şu gün ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda baýramçylyk çäreleri geçirildi. Olara gatnaşanlaryň ruhubelentligi türkmenistanlylaryň öz milli Liderine – hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa, öňe, ösüşe tarap batly gadamlar bilen barýan Garaşsyz, Bitarap Watanymyza buýsanjynyň beýanyna öwrüldi. Ähli isleg-arzuwlaryň hasyl bolýan ýurdunda ýaşamak bolsa uly bagtdyr.