Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow rekordlary gazanmakda nusgadyr

Şu gün Milli sport we syýahatçylyk institutynda dabaraly maslahat boldy. Ol hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Amul — Hazar 2018” Halkara awtorallisiniň ýakynda geçirilen saýlama tapgyryna badalga bermegine bagyşlandy. Döwlet Baştutanymyzyň özi hem Garagum sährasynyň ýollary boýunça bu saýlama tapgyra gatnaşyp, ajaýyp netije görkezdi. Soňra ýaryşlar geçirilip, olaryň barşynda öňde boljak awtorallä Türkmenistandan gatnaşjak toparlar kesgitlenildi.

Habar berlişi ýaly, bu iri ýaryşlarda Içeri işler ministrliginiň Sport ulag merkeziniň hem-de Awtomobil sporty federasiýasynyň toparlary ýurdumyza wekilçilik eder.

Bu guramalaryň wekillerinden başga-da, häzirki maslahata ýurdumyzyň ýolbaşçy düzüminiň agzalary, “Amul — Hazar 2018” Halkara awtorallisini taýýarlamaga we geçirmäge jogapkär edaralaryň işgärleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, giň sport jemgyýetçiliginiň, syýasatşynaslar, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdy.

Beýik Ýüpek ýolunyň ugry boýunça halkara awtorallini hem-de welosipedli ýaryşy we köpçülikleýin uzak aralyga ylgaw boýunça ýaryşy guramak baradaky başlangyç türkmen Liderine degişli bolup, ol ildeşlerimiziň ählisi tarapyndan uly höwes bilen goldanyldy, ýöne türgenler bu başlangyjy aýratyn buýsanç bilen kabul edip, milli Liderimize aladasy we ünsi üçin çäksiz hoşallyk bildirýärler.

Maslahat dabaraly pursatlardan başlandy — awtomobil sportunda ajaýyp üstünlikleri, şu görnüşde ýokary derejede gazananlary, dürli ýaryşlarda ajaýyp çykyşlary hem-de tutuşlygyna türkmen sportunyň ösdürilmegine uly goşandy üçin Türkmenistanyň dört gezek çempiony hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa sylaglaryň gowşurylýandygy yglan edildi.

Şol sylaglaryň hatarynda döwlet Baştutanymyza Awtomobil sporty federasiýasy hem-de Içeri işler ministrliginiň Sport ulag merkezi tarapyndan “Amul — Hazar 2018” Halkara awtoralli ýaryşynyň çäklerinde 12-nji maýda geçirilen ýaryşlarda sport awtoulagyny ussatlyk bilen dolandyryp, ýokary netijeleri görkezendigi üçin “Türkmenistanyň sport ussady” diýen adyň sertifikaty berildi.

Milli Liderimize awtomobil sportunda görkezen ussatlygy, tejribesi we maksada okgunlylygy üçin Ýeňijiniň Kubogy berilýär. Türkmenistanyň Baştutanyna berlen ýene-de bir sertifikat bu ýaryşlaryň çäklerinde 12-nji maýda geçirilen bäsleşiklerde sport awtoulagyny ussatlyk bilen dolandyryp, bellenen aralygy ýokary tizlikde geçendigi üçin “Amul — Hazar 2018” Halkara awtorallisine gatnaşmaga hukuk berýär.

Bu baýraklaryň ählisi uly hormat bilen milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa gowşuryldy. Hormatly Prezidentimiziň ýadawsyz tagallalary netijesinde, halkara sport dünýäsinde Watanymyzyň abraýy barha artýar.

Milli Liderimiz şeýle hem sport ulagynda Halkara ralliniň saýlama tapgyrynda bellenilen aralygy geçen mahaly geýen lybasyny Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň täze binasynda ýerleşjek muzeýe sowgat hökmünde gowşurdy. Bu sowgat muzeýde aýratyn gymmatlyk hökmünde görnükli ýerde ýerleşdiriler.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanda iri sport ýaryşlaryny geçirmek üçin hemme zerur şertleriň döredilmegine aýratyn üns berip, olara sebitde we dünýäde parahatçylygyň we dostlugyň pugtalandyrylmagyna ýardam berip bilýän, halklary we medeniýetleri jebisleşdirýän çäreleriň derejesinde ähmiýet berýär.

Milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda degişli döwrebap düzümleri kemala getirmek boýunça giň möçberli işler ýaýbaňlandyryldy we şonuň bilen birlikde, jemgyýetimizde sagdyn we işjeň durmuş ýörelgeleriniň berkarar bolmagy, türkmenistanlylary, ilkinji nobatda bolsa, ýaş nesilleri bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga çekmek babatda maksada gönükdirilen çäreler görülýär. Şunuň bilen baglylykda, maslahatda ençeme döwletleriň toparlarynyň gatnaşmagynda geçiriljek awtoralliniň ýurdumyzyň diňe bir sport abraýynyň ýokarlanmagyna däl, eýsem-de, sportuň dürli görnüşlerini, şol sanda awtomobil sportuny mundan beýläk-de wagyz etmäge gönükdirilendigi aýratyn nygtaldy.

Soňra bu ýere ýygnananlara wideofilm görkezildi. Onda türkmen sportuny, hususan-da, awtomobil sportuny ösdürmekde milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň eýeleýän uly orny hem-de döwlet Baştutanymyzyň ýaryş awtoulagyny dolandyrmakda ýokary ussatlyk görkezişi beýan edilýär.

Häzirki wagtda rallini geçirmäge degişli giňden ýaýbaňlandyrylan taýýarlyk ýaryşlary guramaçylyk-tehniki taýdan üpjün etmek babatda bolşy ýaly, ýurdumyzyň sport kuwwatyny berkitmek, halkara gatnaşyklaryny ösdürmek ugrunda hem bu ulgamda belli hünärmenler, şunuň ýaly çärelere gatnaşmakda özüni oňat tarapdan görkezen kompaniýalar bilen özara gatnaşykda alnyp barylýar. Öňde boljak ýaryşlaryň wezipeleriniň biri bolsa, taryhy-medeni we ruhy miras aýawly saklanyp gelinýän hem-de nesilden-nesle geçirilýän, ajaýyp tebigaty we ägirt uly ykdysady kuwwaty bolan ýurt hökmünde Watanymyzyň täze keşbini dünýä görkezmekden ybaratdyr.

Türkmenistanyň çäkleri gadymdan bäri möhüm söwda ýollarynyň çatrygynda ýerleşipdir. Häzirki wagtda ýurdumyzyň geografik taýdan amatly ýerleşmegi ony ösdürmegiň ýene-de bir möhüm serişdesine öwrüldi 2018-nji ýylyň “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” şygary astynda geçýändigi hem tötänden däldir.

Döwletimiz hem-de onuň ak mermerli paýtagty Aşgabat soňky 10 ýylda düýpli özgerdi. Şu döwürde ösüşiň ençeme ugurlary boýunça ýurdumyzy öňdäki hatarlara çykaran ägirt uly işler amala aşyryldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň özgerdijilik syýasaty belent baha hem-de dünýäde ykrar edilmäge mynasyp bolup, Türkmenistany täzeden açdy.

Baý çig mal serişdeleri hem-de uly möçberli ulag-üstaşyr geçirijilik mümkinçiligi türkmen döwletiniň bäsdeşlige ukyply artykmaçlyklarynyň hatarynda durýar. Olaryň dogry ulanylmagy ýurdumyza milli ykdysadyýetimizi durnukly ösdürmek üçin uzakmöhletli esas berdi.

Abraýly halkara festiwallaryň, döredijilik, ylmy we ykdysady maslahatlaryň, sport ýaryşlaryň geçirilýän ýerine öwrülen Aşgabat iri parahatçylyk dörediji merkeze öwrülýär. Şol çäreler türkmen topragynda daşary ýurtlardan bolan myhmanlary bir ýere jemleýär.

Diňe bir paýtagtymyzda däl, eýsem, ähli welaýatlarda-da döwrebap stadionlar, atçylyk sport toplumlary, sport mekdepleri bina edildi. Aşgabatda Merkezi Aziýada deňi-taýy bolmadyk Olimpiýa şäherjigi guruldy. Türgenlerimiziň dürli derejeli oýunlara hem-de beýleki ýaryşlara taýýarlanmagy we gatnaşmagy üçin hemme şertler döredildi.

Dünýä ölçegleriniň ýokary talaplaryna kybap gelýän sport düzümlerine eýe bolan Türkmenistanda iri halkara ýaryşlaryny geçirmegiň baý tejribesi bar. Geçen ýylyň sentýabrynda Aşgabatda uly üstünlik bilen geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary munuň aýdyň mysallarynyň biridir. Ýurdumyz iri möçberli ýaryşlary kabul edip bilýän sport döwletiniň derejesinde berkarar bolýar.

Şeýle hem welosiped sportunyň, awtomotosportuň ösdürilmegine uly üns berilýär. Ýurdumyzda her ýyl köpçülikleýin welosipedli ýörişleri geçirmek asylly däbe öwrüldi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy 3-nji iýuny “Bütindünýä welosiped güni” diýip yglan etdi. Dünýäniň 56 ýurdy Garaşsyz döwletimiziň halkara abraýyny has-da artdyrýan bu çözgüdiň awtordaşlary boldular.

Şu ýyl hem Türkmenistan sport çärelerine baýdyr. Şolaryň hatarynda 9 — 14-nji sentýabrda geçiriljek “Amul — Hazar 2018” awtoralli, döwlet Baştutanymyzyň teklibi bilen “Beýik Ýüpek ýoly” diýlip atlandyrylan ugur boýunça welosipedli ýöriş we köpçülikleýin uzak aralyga ylgamak ýaryşlary bar.

Amul — bu gadymy ýolda möhüm nokatdyr. Şol ýerden kerwenler Hazara ugrapdyr. Ondan aňry ýol üç ugur boýunça geçipdir. Olaryň birinjisi kenaryň ugrundan günorta — Eýrana we aňryk Orta we Ýakyn Gündogar ýurtlaryna barypdyr. Ikinji ugur Hazar deňiz kenarýakasynyň ugry bilen Demirgazyga Russiýa hem-de onuň bilen serhetdeş döwletlere geçipdir. Üçünji ugur Hazaryň üsti bilen Kawkaza we ondan aňryk Ýewropa hem-de Kiçi Aziýa geçipdir. Şol sebäpli Amul öňde boljak ýaryşlaryň badalga nokady hökmünde saýlanyp alyndy.

Ýylyň başynda bu ýerde “Beýik Ýüpek ýoly” umumy at bilen birleşdirilen köpçülikleýin sport çäreleriniň dabaralary açylyşy boldy. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sporty söýmek hem-de sagdyn durmuş ýörelgesine ygrarly bolmak bilen, ýeňil atletika ýaryşynyň başky tapgyryny ylgap geçip, bu ýaryşlara badalga berdi.

Şol wagt welosiped ýörişi hem geçirildi, oňa welosipedçileriň we awtoralliçileriň bir ýarym müňe golaýy gatnaşdy, bu ýerde awtomobil sporty boýunça ýaryş hem geçdi. Awtoralli bäsleşikleriniň öň ýanynda döwlet Baştutanymyz özüne öňler meşhur fransuz awtoralliçisi bolan, häzirki wagtda bolsa “Afriсa Eсo Race” belli awtoralli ýaryşlarynyň baş direktory we guramaçysy Žan-Lui Şlesser tarapyndan sowgat berlen sport awtomobilinde hut özi ýaryş geçiriljek ýoly synagdan geçirdi.

Milli Liderimiz şahsy göreldesi bilen bedenterbiýäniň we sportuň adamyň ruhy we beden taýdan kämilleşmegine nähili uly täsir edýändigini hemişe görkezýär, ýurdumyzyň türgenleri üçin nusgalyk görelde bolýar. Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiziň “Amul — Hazar 2018” ýaryşlarynyň saýlama tapgyryna gatnaşmagy ýaşlar üçin ruhlandyryjy ýagdaýy döretdi, şonda döwlet Baştutanymyz ýaryşa gatnaşyjylaryň arasynda Garagum çölüniň çylşyrymly şertlerinde aralygy geçmekde iň oňat wagt görkezdi.

Maslahatda şeýle hem häzirki wagtda Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi tarapyndan milli Liderimiziň awtorallini guramak boýunça öňde goýan anyk wezipelerinden ugur alnyp geçirilýän işler barada aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy hem-de yzygiderli goldawy netijesinde ýurdumyzda awtomobil sporty täze ösüşe eýe boldy. 2013-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda Aşgabatda awtomobil sporty merkeziniň açylyşy bolup, şol ýerde sportuň bu görnüşi boýunça Türkmenistanyň ilkinji çempionaty geçirildi. Munuň özi sportuň beýleki görnüşleri bilen birlikde ýurdumyzyň awtomobil sportunyň hem ösüşiň täze derejesine çykýandygynyň aýdyň subutnamasy boldy.

Türkmen awtosürüjileriniň sportuň bu görnüşi bilen meşgullanmaklary hem-de olaryň ussatlyk derejesini ýokarlandyrmak üçin mynasyp şertleriň döredilmegine ýardam berýän paýtagtymyzyň sport düzüminiň täze desgasynyň açylmagynyň ähmiýetini bu ýerde geçirilen ilkinji ýaryşlarda döwlet Baştutanymyzyň “Alfa Romeo” ýaryş awtomobilinde bäsleşiklere gatnaşmagy has aýan etdi. Milli Liderimiziň ençeme gezek sport awtomobillerinde çykyş edip, gazanan ajaýyp ýeňişleriniň tolgundyryjy pursatlary türkmenistanlylaryň ählisiniň ýadyndadyr.

Türkmen awtosportunyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli giňelýär, ýokary tizlikde sport awtomobilleriniň täze görnüşleri satyn alynýar, munuň özi ýaşlaryň sportuň bu görnüşi bilen giňden meşgullanmagyny şertlendirýär hem-de sürüjileriň we olaryň tälimçileriniň ussatlygynyň ýokarlanmagyna ýardam edýär. Şonuň bilen bir wagtda bu ýagdaý awtosport boýunça ýaryşlary geçirmäge niýetlenen halkara merkezini döretmek üçin amatly şertleri döredýär.

Öňde boljak ýaryşlarda birnäçe tapgyrlar göz öňünde tutulýar, olar ýurdumyzyň dürli çäklerinde Garagum çölüniň çylşyrymly zolaklaryny öz içine alar, Hazar deňziniň kenarlarynda — ak mermerli Awazada pellehana ýetiler. Ralli ýaryşlaryna gatnaşyjylar Türkmenistanyň tebigy gözelliklerini, onuň gaýtalanmajak görnüşlerini synlap, milli medeniýetimiziň etnografiýa özboluşlylygyna aralaşyp hem-de täze okgunly ösüş döwrüniň ruhuna utgaşyp bilerler.

“Beýik Ýüpek ýoly” taslamasy milli Liderimiz tarapyndan diňe bir uly sport çäresi hökmünde däl, eýsem, biziň ýurdumyzyň öz geçmişi, şu güni we geljegi bilen aýrylmaz baglanyşygyny gazanmagyň özboluşly belentligi hökmünde işlenip taýýarlanyldy.

Amuldan Hazara çenli Halkara awtorallisiniň guralmagy ýurdumyz tarapyndan ulag ulgamy boýunça öňe sürülýän başlangyçlaryň we taslamalaryň işjeň durmuşa geçirilýändiginiň nyşanydyr, bu başlangyçlar we taslamalar sebit we ählumumy häsiýete eýe bolup, döwletleriň we halklaryň ýakynlaşmagyna, söwda-ykdysady we ynsanperwer gatnaşyklaryň giňeldilmegine, ählumumy ösüşe gönükdirilendir.

Ýurdumyzyň taryhynda şunuň ýaly bäsleşikleri guramagyň tejribesi bar. 2009-njy ýylda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen hem-de dostlukly goňşy döwletleriň — Russiýanyň we Gazagystanyň liderleriniň goldamagynda “Ýüpek Ýoly” halkara awtorallisi geçirildi. Awtomobil ýaryşlarynyň ugry üç ýurduň çäginden geçýär, oňa dünýäniň 30-a golaý ýurdundan türgenler gatnaşdy, onuň uzynlygy 4500 kilometre deň boldy. Şol ýoluň ýaryndan gowragy Türkmenistanyň çäginden geçdi.

“Ýüpek ýoly” awtorallisi şondan soň dünýäniň awtosport ýaryşlarynyň senenamasynda berk orun aldy. “Amul — Hazar” awtomobil ýaryşy bolsa halkara awtomobil ýaryşlarynyň meýilnamasyna girýär. Ýakyn wagtda Moskwada bu taslamanyň tanyşdyryş dabarasy bolar.

Şol bir wagtda Türkmenistanyň ýygyndy topary Halkara awtorallisiniň esasy bäsleşiklerine taýýarlanýar, olar şu ýylyň güýzünde guralar.

“Amul — Hazar 2018” ýaryşlary dürli medeniýetleriň we halklaryň hyzmatdaşlygy üçin halkara meýdançasy hökmünde hem meýilleşdirildi, sebäbi sport dostlugyň dilidir, ol hyzmatdaşlyk üçin täze gözýetimleri açýar.

Bu duşuşyklar gadymyýetde dürli ýurtlaryň, sebitleriň we siwilizasiýalaryň duşuşan we özara gatnaşyk eden ýeri bolan Beýik Ýüpek ýolunyň taryhy ugurlarynda aýratyn many-mazmuna eýe bolýarlar.

Haçan-da döwletler özara düşünişmegiň we hyzmatdaşlygyň ýoly bilen gidenlerinde, olaryň halklarynyň bu işden utýandygyna dünýä taryhy ynamly şaýatlyk edýär. Hoşniýetli goňşuçylyk we adamzadyň geljegi ugrunda ýokary jogapkärçilik ýörelgelerine eýerýän Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasatynda bu çemeleşme has-da aýdyň ýüze çykýar. Biziň ýurdumyz anyk dünýä jemgyýeti tarapyndan isleg bildirilýän taslamalary, şol sanda täze halkara ulag ugurlarynyň — awtomobil, demirýol, deňiz we howa ugurlarynyň kemala gelmek ulgamyndaky taslamalary hödürleýär.

Türkmenistan şeýle giň möçberli sport çäresini geçirmek taglymyny öňe sürmek bilen, ýene-de bir gezek ylalaşdyryjy, parahatçylygy dörediji ýurt hökmündäki ornuny nobatdaky gezek görkezýär.

Elbetde, “Amul — Hazar 2018” awtorallisi köp sanly myhmanlaryň hakydasynda hemişelik saklanar we parahatçylygyň hem-de dostlugyň ilçisi hökmünde sportuň ähmiýetiniň ykrar edilmegine ýurdumyzyň ýene-de bir goşandy bolar.

Maslahatda bular barada çykyş edenleriň arasynda Daşary işler ministrliginiň, Içeri işler ministrliginiň işgärleri, awtosport boýunça türgenler we halypalar, paýtagtymyzyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplary, jemgyýetçilik guramalarynyň, habar beriş serişdeleriniň wekilleri we beýlekiler bar.

Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşanlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul etdiler. Onda mähriban halky hakyndaky ýadawsyz tagallalary hem-de dünýäde Türkmenistanyň sport abraýyny ýokarlandyrmaga goşýan ägirt uly şahsy goşandy üçin milli Liderimize ýene bir gezek uly hoşallyk bildirildi.