SOŇKY HABARLAR
Türkmenistan-Ýewropa Bileleşiginiň bilelikdäki komitetiniň 22-nji mejlisi Brýusselde geçirildi
Şu gün Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň bilelikdäki komitetiniň 22-nji mejlisi Brýusselde geçirildi. Duşuşykda Maliýe we ykdysadyýet ministri we bilelikdäki komitetiň ýolbaşçysy S.Joraýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýetiniň düzümine Bilim ministriniň orunbasary, "Türkmengaz" döwlet konserniniň we "Türkmenhowaýollary" agentliginiň , şeýle hem beýleki degişli ministrlikleriň wekilleri girdiler. Ýewropa Bileleşiginiň wekiliýetine Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa Ýewropan...
Brýusselde Türkmenistan bilen ÝB arasynda adam hukuklary barada gepleşikler geçirildi
Şu gün Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň müdiri Ý.Nuryýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýetiniň Belgiýanyň Brýussel şäherine sapary boldy. Türkmen wekiliýetiniň düzümine Adalatçy, Daşary işler, Içeri işler we Adalat ministrlikleriniň wekilleri girdi. Türkmenistanyň Belgiýadaky Ilçihanasynyň we ÝB-niň Türkmenistandaky wekiliýetiniň ýolbaşçylary wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygyň işine gatnaşdylar. Ýewropa Bileleşiginiň wekiliýetine şu aşakdakylar wekilçilik...
Представители Туркменистана выступили на ведущем форуме Центральной Азии по гендерному равенству в Брюсселе
С 13 по 15 ноября 2023 года в самом сердце Европы – Брюсселе, состоялся знаковый форум «Диалог женщин-лидеров Центральной Азии». Мероприятие, совместно организованное Европейским союзом и Региональным центром Организации Объединенных Наций по превентивной дипломатии в Центральной Азии, стало важным событием для регионального сотрудничества. В этом событии активно участвовала делегация из Туркменистана, состоящая из представителей Меджлиса и Союза женщин. Их присутствие не только продемонстрир...
“MERKEZI AZIÝA-KOREÝA RESPUBLIKASY” HYZMATDAŞLYGYNYŇ ÇÄGINDE DAŞARY SYÝASAT EDARALARYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARYNYŇ DUŞUŞYGY BOÝUNÇA PRESS-RELIZ
2023-nji ýylyň 1-nji noýabrynda Aşgabatda «Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy» hyzmatdaşlyk forumynyň Daşary işler ministrleriniň 16-njy mejlisi geçirildi. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Koreýa Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň häzirki mejlisi “Merkezi Aziýada we Koreýa Respublikasynda durnukly geljegi üpjün etmekde ýaşlaryň ägirt uly mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek arkaly hyzmatdaşlyk" atly tema bagyşlandy. Bu garaýyş foruma gatnaşyjy ýurtlaryň ýakyn geljek üçin hyz...
AŞGABATDA MERKEZI AZIÝA ÝURTLARYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ WE ÝHHG-NIŇ BAŞ SEKRETARYNYŇ DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
2023-nji ýylyň 31-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretarynyň we Merkezi Aziýa döwletleriniň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň mejlisi geçirildi. Onda sebitleýin howpsuzlygyň, ösüşiň we durnuklylygyň iň möhüm temalary boýunça düýpli pikir alşyldy. Duşuşyga gatnaşyjylar serhet howpsuzlygy, howanyň üýtgemegi we ekologiýa, şeýle hem ulag aragatnaşyklary meselelerine aýratyn üns berdiler. Duşuşykd...
KIPRIŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI BILEN DUŞUŞYK
23-nji oktýabrda “Merkezi Aziýa - Ýewropa Bileleşigi” ministrler duşuşygynyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow Kipr Respublikasynyň Daşary işler ministri Konstantinos Kombos bilen duşuşdy. Gepleşikleriň dowamynda ministrler syýasy-diplomatik gatnaşyklary güýçlendirmegiň möhümdigini bellediler. Hususan-da, iki ýurtdaky ilçileriň parallel akkreditirlenmeginiň ähmiýeti nygtaldy. Mundan başga-da, daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary döwletara gatnaşyklary pugtalandyrma...
TÜRKMENISTANYŇ WE RUMYNIÝANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ DUŞUŞYGY
2023-nji ýylyň 23-nji oktýabrynda «Merkezi Aziýa - Ýewropa Bileleşigi» 19-njy ministrler duşuşygynyň işine gatnaşmagynyň çäklerinde Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredowyň Rumyniýanyň daşary işler ministri Luminisa Odobesku bilen ikitaraplaýyn gepleşikleri geçirildi. Söhbetdeşligiň başynda L.Odobesku Merkezi Aziýanyň Rumyniýanyň wajyp hyzmatdaşy hökmündäki ornuny nygtady. Bellenilişi ýaly, bu ýurt Merkezi Aziýa sebiti bilen Ýewropa Bileleşigini baglaýjy hökmünde çykyş edýär. Türkmeni...