Türkmenistanyň Belgiýadaky Ilçisiniň Ýewropa Parlamentiniň başlygynyň diplomatik maslahatçysy bilen duşuşygy

photo

2025-nji ýylyň 22-nji aprelinde Ýewropa Parlamentiniň binasynda Türkmenistanyň Belgiýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Sapar Palwanow bilen Ýewropa Parlamentiniň Prezidentiniň diplomatik maslahatçysy hanym Silwiýa Kosinskanyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda Ilçi Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan Ýewropa Parlamentiniň başlygy Roberta Metsolanyň adyna iberen, 2025-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabat şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyna gatnaşmak üçin resmi çakylyk hatyny gowşurdy.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar halkara we sebit derejesindäki häzirki gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşdylar, häzirki zaman geosyýasy ýagdaýlary babatynda garaýyşlaryny paýlaşdylar hem-de häzirki zaman dünýäsindäki şertlerde parahatçylykly gepleşikleriň we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ähmiýetiniň barha artýandygyny bellediler.

Söhbetdeşligiň dowamynda Ýewropa Bileleşigi bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň barha işjeň häsiýete eýe bolýandygy bellenildi. Türkmenistanyň we Ýewropa Bileleşiginiň edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlygyň hukuk binýadyny ösdürmegiň, şol sanda parlamentara gatnaşyklary berkitmegiň we möhüm ugurlar boýunça dowamly dialogy ilerletmegiň ähmiýeti aýratyn nygtaldy.

Duşuşykda Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2025-nji ýylyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýip yglan edilmegi aýratyn bellenildi. Ilçi bu senäniň Türkmenistanyň Hemişelik bitaraplyk hukuk derejesiniň 30 ýyllygy we Birleşen Milletler Guramasynyň 80 ýyllygy bilen gabat gelýändigini nygtady. Şeýle hem, Aşgabatda geçiriljek halkara forumyň döwletleriň arasynda açyk gepleşikleriň we ynanyşmagyň ýörelgelerini ilerletmek üçin möhüm halkara meýdança bolup durýandygyny aýtdy.

Öz gezeginde, hanym Silwiýa Kosinska Türkmenistanyň parahatçylygy berkitmäge gönükdirilen başlangyçlaryna ýokary baha berdi we parlamentara hyzmatdaşlygy ösdürmekde gyzyklanma bildirýändigini aýtdy. Şeýle hem, Ýewropa Parlamentiniň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy, şol sanda köptaraplaýyn formatlar çäginde hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge taýýardygy nygtaldy.

Şeýle-de, Ilçi Sapar Palwanow şu ýylyň 26-njy martynda Türkmenistanyň Ilçihanasy tarapyndan Ýewropa Parlamentinde Bitaraplyk syýasatyna bagyşlanyp, Ýewroparlament agzalarynyň gatnaşmagynda geçirilen ilkinji mowzuklaýyn çäräniň üstünlikli geçenligini belledi.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar Türkmenistanyň we Ýewropa Bileleşiginiň arasynda netijeli hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge hem-de bu gatnaşyklary has-da ösdürmäge bilelikdäki tagallalary etmäge taýýardygyny beýan etdiler.