RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
16 Sen

HORMATLY PREZIDENTIMIZ ŞANHAÝ HYZMATDAŞLYK GURAMASYNYŇ SAMMITINE GATNAŞDY

16-njy sentýabrda Özbegistan Respublikasynda iş sapary bilen bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşdy. Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň giňeldilen düzümdäki mejlisiniň başlamagynyň öň ýanynda Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew ýokary derejeli myhmanlary mähirli mübärekledi. Soňra sammite gatnaşyjylaryň resmi taýdan bilelikde s...

DOWAMY
pic
15 Sen

Türkmenistanyň Prezidenti ŞHG-niň sammitine hormatly myhman hökmünde gatnaşmak üçin Samarkanda bardy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşine hormatly myhman hökmünde gatnaşmak maksady bilen, Özbegistan Respublikasynyň Samarkant şäherine iş sapary bilen bardy. Döwlet Baştutanymyzy Samarkant halkara howa menzilinde Özbegistanyň resmi wekilleri we Türkmenistanyň hökümet wekiliýetiniň agzalary garşy aldylar. Türkmenistanyň Prezidentiniň ŞHG-niň sammitine gatnaşmagyň çäklerinde birnäçe ikitaraplaýyn gepleşikler ge...

DOWAMY
pic
12 Sen

TÜRKMENISTANDA HALKARA HOWA GATNAWLARYNYŇ UGURLARY WE SANY KÖPELER

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýewe halkara howa gatnawlarynyň ugurlaryny we sanyny köpeltmek boýunça teklipleri taýýarlamak barada görkezme berdi. Degişli tabşyryk anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde berildi. Mämmethan Çakyýewe ýüzlenip, Döwlet Baştutanymyz ulag toplumynyň alyp barýan işiniň wajypdygyny nygtady he...

DOWAMY
pic
9 Sen

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ŞA ZENANY ÝELIZAWETA II-IŇ ARADAN ÇYKMAGYNA GYNANÇ BILDIRDI

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Beýik Britaniýanyň patyşasy Karl III-e we Premýer-ministri Liz Trassa şa zenany Ýelizaweta II-iň aradan çykmagy zerarly gynanjyny bildirdi.  “Şa zenany Ýelizaweta II häzirki zaman taryhynda ähmiýetli işleri bilen dünýä syýasatynda we jemgyýetçilik durmuşynda öçmejek yz galdyran şahsyýet hökmünde tanalýar” diýlip, Döwlet Baştutanymyzyň patyşa Karl III-e iberen hatynda aýdylýar. “Onuň hökümdarlyk eden döwründe parahatçylygy, howpsuzlygy, durnuk...

DOWAMY
pic
8 Sen

TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI AÝLAGDAKY ARAP DÖWLETLERINIŇ – MERKEZI AZIÝANYŇ HYZMATDAŞLYK GEŇEŞINIŇ MINISTRLERIŇ STRATEGIKI DIALOGYNYŇ BIRINJI DUŞUŞYGYNA GATNAŞDY

2022-nji ýylyň 7-nji sentýabrynda Saud Arabystany Patyşalygynyň Er-Riýad şäherinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow “Aýlagdaky Arap Döwletleriniň – Merkezi Aziýanyň Hyzmatdaşlyk Geňeşiniň” Daşary işler ministrleriň strategiki dialogynyň birinji duşuşygyna gatnaşdy. Bu platforma ýurtlaryň arasyndaky syýasy gepleşikleri giňeltmek hem-de söwda, ykdysady, medeni we ynsanperwer ugurlarda sebitara hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen döredildi. Duşuşyga gatnaşyjylar halkara gün ter...

DOWAMY
pic
6 Sen

TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINIŇ BEÝANATY

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Russiýanyň diplomatik wekilhanasynyň işgärleriniň we Owganystanyň raýatlarynyň ölümine sebäp bolan Russiýa Federasiýasynyň Kabuldaky Ilçihanasynyň konsullyk bölüminiň golaýynda 2022-nji ýylyň 5-nji sentýabrynda edilen terrorçylykly hereketi berk ýazgarýar.   Türkmenistan, terrorçylyga garşy halkara göreşe işjeň gatnaşyjy hökmünde dünýä jemgyýetçiliginiň terrorçylyga garşy göreşmek ugrundaky tagallalaryny has-da berkitmäge çagyrýar.   Türkmenist...

DOWAMY
pic
5 Sen

PAKISTAN YSLAM RESPUBLIKASY TÜRKMENISTANYŇ YNSANPERWER KÖMEGINI KABUL ETDI

5-nji sentýabrda irden ynsanperwer ýük bilen «Ил-76» kysymly ýük daşaýan türkmen uçary Pakistan Yslam Respublikasynyň Sind welaýatynyň Karaçi şäheriniň howa menziline gondy. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda, Pakistan Yslam Respublikasynda soňky wagtlarda bolýan köpsanly adam pidalaryna we uly möçberli weýrançylyklara getirýän tebigy betbagtçylyklar bilen baglylykda dostlukly pakistan halkyna ynsanperwer kömegini bermek maksady bilen, degişli derman we lukm...

DOWAMY