SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli dabaraly ýöriş
Ata Watanamyz Türkmenistan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllygyny belleýär. Häzirki wagtda Döwlet münberiniň toplumynyň öňündäki meýdançasynda dabaraly ýöriş başlandy. Ir bilen hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow häzirki we geljekki nesilleriň hakydasynda beýik taryhy wakany — Watanymyzyň Garaşsyzlygyna eýe bolmagyny şöhlelendirýän Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy. Bu dabara Hökümet agzalary, Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy, Halk Maslahatynyň Başlygynyň oru...
Türkmenistan Ýewropa Bileleşigi - ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň anyk ugurlary kesgitlenildi
2022-nji ýylyň 23-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow Ministrler Kabinetiniň geçen mejlisiniň çäklerinde döwletimiziň daşary syýasat ugrunyň häzirki wezipeleri barada hem-de Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler we ozal gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Ilkinji nobatda, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we me...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SERDAR BERDIMUHAMEDOWYŇ DÖWLET MASLAHATYNDAKY ÇYKYŞY
Hormatly adamlar! Eziz watandaşlar! Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramynyň ýurdumyzda giňden bellenilýän günlerinde täze taryhy döwürde döwletimiziň syýasy, ykdysady, durmuş hem-de medeni taýdan ösüş depginlerini has-da ýokarlandyrmak bilen bagly wajyp meseleler girizilen Döwlet Maslahatyny geçirýäris. Bu maslahatda Watanymyzyň demokratik, hukuk we dünýewi esaslaryny mundan beýläk-de berkitmek, halkara abraýyny ýokarlandyrmak üçin toplumlaýyn wezipeleri kesgitläris. Içeri we d...
AŞGABATDA HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ BAŞLYKLYK ETMEGINDE DÖWLET MASLAHATY GEÇIRILDI
2022-nji ýylyň 23-nji sentýabrynda paýtagtymyzdaky Ruhyýet köşgünde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyna bagyşlanan Döwlet Maslahaty geçirildi. Watanymyzyň durmuşynda şanly waka bolan umumymilli forumyň gün tertibine şu döwürde gazanylan üstünlikleriň netijelerini jemlemek, ýurdumyzy mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmegiň ileri tutulýan wezipelerini ara alyp maslahatlaşmak meseleleri girizildi. Ir bilen döwlet Başt...
26-27-nji oktýabrda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2022» XXVII Halkara maslahaty geçiriler
Aşgabatda 26-27-nji oktýabrda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2022» XXVII Halkara maslahaty geçiriler. Forumyň guramaçylary hökmünde «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleri hem-de «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy GaffneyCline britan kompaniýasynyň goldawynda «Turkmen Forum» HJ bilen hyzmatdaşlykda çykyş edýärler diýip, guramaçylaryň saýtynda bellenilýär. Bu abraýly işewürler forumy Türkmenistanyň döwlet edaralary bilen halkara nebitgaz kompaniýalarynyň arasynda halkara hy...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SERDAR BERDIMUHAMEDOWYŇ ŞANHAÝ HYZMATDAŞLYK GURAMASYNYŇ SAMMITINDÄKI ÇYKYŞY
Hormatly döwlet we Hökümet Baştutanlary! Hormatly wekiliýetleriň agzalary, hanymlar we jenaplar! Ilki bilen, şu günki duşuşyga gatnaşyjylaryň ählisini mübäreklemäge hem-de onuň ýokary derejede guralandygy, myhmansöýerlik we netijeli işlemäge döredilen şertler üçin Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti hormatly Şawkat Miromonowiç Mirziýoýewe minnetdarlyk bildirmäge rugsat ediň! Türkmenistan Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ýokary derejedäki mejlisine hormatly myhman hökmünde çagyryldy. Ýu...
HORMATLY PREZIDENTIMIZ ŞANHAÝ HYZMATDAŞLYK GURAMASYNYŇ SAMMITINE GATNAŞDY
16-njy sentýabrda Özbegistan Respublikasynda iş sapary bilen bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşdy. Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň giňeldilen düzümdäki mejlisiniň başlamagynyň öň ýanynda Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew ýokary derejeli myhmanlary mähirli mübärekledi. Soňra sammite gatnaşyjylaryň resmi taýdan bilelikde s...