SOŇKY HABARLAR
“AWAZA” MILLI SYÝAHATÇYLYK ZOLAGYNDA DOSTLUKLY DÖWLETLERIŇ BAŞTUTANLARYNYŇ BIRINJI ÜÇTARAPLAÝYN SAMMITI GEÇIRILDI
2022-nji ýylyň 14-nji dekabrynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň Kongresler merkezinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň hem-de Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň gatnaşmagynda birinji üçtaraplaýyn sammit geçirildi. Ir bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew we Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan Awazadaky Kongresler merkezine geldiler. Bu ýerde sammitiň öňüsyra...
“AWAZADA” TÜRKMENISTANYŇ, AZERBAÝJANYŇ WE TÜRKIÝÄNIŇ IŞEWÜR TOPARLARYNYŇ WEKILLERINIŇ DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
2022-nji ýylyň 14-nji dekabrynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň we Türkiýe Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň birinji üçtaraplaýyn sammitiniň çäklerinde dostlukly ýurtlaryň işewür toparlarynyň wekilleriniň duşuşygy boldy. Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň bar bolan ägirt uly söwda-ykdysady kuwwatynyň, hususan-da, senagat, energetika, gurluşyk, oba hojalygy, ulag we beýleki ulgamlarda bar bolan mümkinçilikleri bilen baglylykda, özar...
TÜRKMENISTANYŇ WE TÜRKIÝE RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTLERINIŇ ARASYNDA GEPLEŞIKLER GEÇIRILDI
2022-nji ýylyň 14-nji dekabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň birinji üçtaraplaýyn sammitine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda gepleşikler geçirildi. Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda üstünlikli ösdirilýän hyzmatdaşlygy has-da giňeltmegiň ileri tutulýan meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Ykdysady ugurda Türkiýäniň uzak möhletli ygtybarl...
TÜRKMENISTANYŇ WE AZERBAÝJAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTLERINIŇ ARASYNDA GEPLEŞIKLER GEÇIRILDI
2022-nji ýylyň 14-nji dekabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň birinji üçtaraplaýyn sammitine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ylham Aliýewiň arasynda gepleşikler geçirildi. Söhbetdeşler türkmen-azerbaýjan hyzmatdaşlygynyň meselelerine ähmiýet bermek bilen, taraplaryň köp asyrlyk hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda we täze tapgyra gadam basan özara peýdaly hyzmatdaşlygy mund...
«AWAZA» MILLI SYÝAHATÇYLYK ZOLAGYNDA TÜRKMENISTANYŇ, AZERBAÝJANYŇ WE TÜRKIÝÄNIŇ DAŞARY SYÝASAT EDARALARYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARYNYŇ DUŞUŞYGY
Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary ýokary derejedäki üçtaraplaýyn gepleşikleriň öň ýanynda, ýagny 2022-nji ýylyň 13-nji dekabrynda geçirilen duşuşygyň dowamynda köptaraplaýyn döwletara hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy hem-de geljegi barada pikir alyşdylar. Şeýle hem ozal gazanylan ylalaşyklaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilişiniň barşy, ählumumy hem-de sebit gün tertibiniň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bellenilişi ýaly, birinji sammit...
TÜRKMENISTANYŇ, AZERBAÝJANYŇ WE TÜRKIÝÄNIŇ ULAG ULGAMYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARY “AWAZADA” DUŞUŞDYLAR
2022-nji ýylyň 13-nji dekabrynda Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň we Türkiýe Respublikasynyň ulag ulgamynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi Bitarap Türkmenistan halkara hyzmatdaşlyk meselelerinde işjeň orny eýeläp, döwrebap ulag düzümini kemala getirmek boýunça anyk başlangyçlary öňe sürýär hem-de daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde bu ugurda iri taslamalary üstünlikli durmuşa geçirýär. Ýolagçylary we ýükleri deňiz, awtomobil hem-de demir ýollar arkaly gatnatmagyň häzir...
«AWAZADA» TÜRKMENISTANYŇ, AZERBAÝJANYŇ WE TÜRKIÝÄNIŇ ENERGETIKA ULGAMYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARY DUŞUŞDYLAR
2022-nji ýylyň 13-nji dekabrynda günüň birinji ýarymynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda ýokary derejedäki üçtaraplaýyn duşuşygyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň degişli pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi. Onda energetika ulgamynda gatnaşyklary ösdürmek bilen bagly meselelere garaldy. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan iri energetika döwleti bolmak bilen, özara bähbitlere giň halkara hyzmatdaşlygy ýola goýmak ugrunda çykyş edýär. ...