TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GDA-NYŇ DÖWLET BAŞTUTANLARYNYŇ RESMI DÄL DUŞUŞYGYNA GATNAŞDY
2022-nji ýylyň 26-njy dekabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasyna iş saparyny amala aşyryp, däp boýunça her ýyl Sankt-Peterburg şäherinde ýylyň ahyrynda geçirilýän GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl sammitine gatnaşdy.
Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar. Birnäçe sagatdan soňra, hormatly Prezidentimiziň uçary Sankt-Peterburg şäheriniň “Pulkowo” Halkara howa menziline gondy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar garşyladylar.
Hormatly Prezidentimiziň awtoulag kerweni GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl duşuşygynyň geçirilýän ýeri bolan B.N.Ýelsin adyndaky Prezident kitaphanasyna tarap ugur aldy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti garşylady. Iki ýurduň Liderleri birek-birek bilen mähirli salamlaşyp, bilelikde ýadygärlik surata düşdüler.
Sammitiň işine Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew, Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan, Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew dagylar gatnaşdylar.
Ýokary derejedäki duşuşyk başlamazyndan ozal, Arkalaşygyň ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň GDA gatnaşyjy ýurtlaryň Döwlet baýdaklarynyň öňünde bilelikdäki surata düşmek dabarasy boldy.
Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin resmi däl sammiti açyp, oňa gatnaşyjylary ýene bir gezek mähirli gutlady hem-de Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy ýurtlaryň Liderleriniň Täze ýylyň öň ýanynda eýýäm asylly däbe öwrülen resmi däl duşuşygyna gatnaşmak üçin Sankt-Peterburga gelmäge çakylygy kabul edendikleri üçin hoşallyk bildirdi.
Arkalaşygyň ugry boýunça daşyndan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilikleriň döredilmegine, tehnologik garaşsyzlygyň, özygtyýarlylygyň üpjün edilmegine, bilelikdäki senagat önümçiliginiň hem-de ylmy kuwwatlyklaryň giňeldilmegine gönükdirilen utgaşykly çäreler geçirildi diýip bellenildi.
Ýewraziýa sebitinde howpsuzlygy we durnuklylygy saklamak GDA ýurtlarynyň hyzmatdaşlygynyň ýene-de bir möhüm ugry hökmünde görkezildi. Arkalaşygyň ýurtlarynyň terrorçylyga, ekstremizme, serhetüsti jenaýatçylyga, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna hem-de korrupsiýa garşy göreş boýunça oňyn hyzmatdaşlyk edýändikleri bellenildi.
Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti sözüniň ahyrynda hemmeleri ýetip gelýän Täze ýyl bilen gutlady hem-de GDA-nyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň çuňlaşdyrylmagynyň biziň ýurtlarymyzyň halklarynyň düýpli bähbitlerine laýyk gelýändigini, Arkalaşygyň döwletleriniň durmuş-ykdysady ösüş wezipelerini netijeli çözmäge, sebit durnuklylygyny, howpsuzlygyny pugtalandyrmaga ýardam edýändigini belledi.
Gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalaryň dowamynda 2022-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijelerine garaldy we geljek döwür üçin öňde durýan möhüm wezipeler kesgitlenildi.
Döwlet Baştutanlary ýakyn we uzak geljegi nazarlaýan hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmagyň barşynda şu gezekki resmi däl duşuşygyň ählumumy bähbitlere laýyk gelýän täze taslamalary durmuşa geçirmekde mundan beýläk-de tagallalary birleşdirmäge kuwwatly itergi berjekdigine ynam bildirdiler.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasyna iş saparynyň maksatnamasy tamamlanandan soňra, “Pulkowo” Halkara howa menziline bardy we şol ýerden Watanymyza ugrady.