SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasat ugruna bagyşlanan brifing
2019-njy ýylyň 15-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň daşary syýasat ugruna bagyşlanan brifing geçirildi, oňa milli hem-de Türkmenistanda akkreditirlenen köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Brifingiň barşynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň wekilleri çykyş etdiler, olar birfinge gatnaşyjylara Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan durmuşa geçirilýän daşary syýasat ugry, dü...
Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Türkmenistana döwlet sapary bilen gelýär
2019-njy ýylyň 16-18-nji aprelinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň çakylygy boýunça Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Mun Çže Iniň Türkmenistana döwlet sapary bilen gelmegi meýilleşdirilýär. Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň Liderleriniň arasynda ýokary derejedäki duşuşyklar geçiriler.
Türkmenistanyň Fransuz Respublikasyndaky Ilçisi ynanç hatlaryny gowşurdy
2019-njy ýylyň 12-nji aprelinde Türkmenistanyň Fransuz Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Şöhrat Jumaýew Fransuz Respublikasynyň Prezidenti jenap Emmanuel Makrona Türkmenistanyň Fransuz Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi hökmünde (oturýan ýeri Pariž şäheri) ynanç hatlaryny gowşurdy.
Aşghabatda Suw meseleleri boýunça türkmen-owgan Utgaşdyryjy toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi
2019-njy ýylyň 11-12-nji aprelinde Aşgabat şäheriniň “Arçabil” myhmanhanasynda Türkmenistanyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň arasyndaky suw-hojalyk meseleleri boýunça Utgaşdyryjy toparyň üçünji mejlisi geçdirildi. Öňki duşuşyklaryň ikisi Aşgabat şäherinde we Kabul şäherinde üstünlikli geçirildi. Türkmenistanyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň arasynda serhetýaka suw hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegi we berkidilmegi boýunça meseleleriň giň toplumyna seretmek hem-de ara alyp maslahatlaşma...
Döwlet Baştutanymyz täze şäheriň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy
2019-njy ýylyň 10-njy aprelinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Gökdepe etrabynyň çäginde guruljak Ahal welaýatynyň dolandyryş merkeziniň — täze şäheriň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy. Bu işler ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşini şöhlelendirýän Türkmenistanyň milli syýasatynyň durmuşa geçirilmeginiň görnetin mysaly bolup durýandyr. Dabaraly çärä Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Mejlisiň başlygy we deputatlar, ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň ýolb...
Aşgabatda Ýokanç däl keseller boýunça BSG-niň Ýewropa sebitiniň ýokary derejeli maslahaty öz işini üstünlikli tamamlady
2019-njy ýylyň 10-njy aprelinde Aşgabatda Ýokanç däl keseller boýunça BSG-niň Ýewropa sebitiniň «Ýewropada durnukly Ösüş Maksatlaryna ýetmek üçin ýokanç däl kesellere garşy göreşmek boýunça wezipeleriň çözülmegi» atly ýokary derejeli maslahaty öz işini üstünlikli tamamlady. Maslahatyň ikinji gününde oňa gatnaşyjylar ýurtlaryň we halkara guramalarynyň, aýratyn hem BMG-niň edaralary we hökümete dahylly bolmadyk guramalar bilen strategiki hyzmatdaşlygyň wajyplygy hakynda gürrüň etdiler. Bu ugurd...
Aşgabatda Ýokanç däl keseller boýunça BSG-niň Ýewropa sebitiniň ýokary derejeli maslahaty öz işine başlady
2019-njy ýylyň 9-njy aprelinde Aşgabadyň «Ýyldyz» myhmanhanasynda Ýokanç däl keseller boýunça BSG-niň Ýewropa sebitiniň «Ýewropada durnukly Ösüş Maksatlaryna ýetmek üçin ýokanç däl kesellere garşy göreşmek boýunça wezipeleriň çözülmegi» atly ýokary derejeli maslahaty öz işine başlady. Bu çärä Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa edarasynyň ýolbaşçylary we wekilleri, şeýle hem dünýäniň 50 golaý ýurtlarynyň saglygy gora...