Türkmenistanyň DIM-de ABŞ-den gelen bilermenleriň gatnaşmagynda geçirilen strategiki dialog boýunça okuw maslahaty tamamlandy
2019-njy ýylyň 3-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Ýakyn Gündogar we Günorta Aziýa boýunça strategiki barlaglar merkeziniň (NESA) bilermenleriniň gatnaşmagynda Günorta we Merkezi Aziýada ABŞ-nyň howpsuzlyk syýasaty boýunça geçirilen okuw maslahaty öz işini tamamlady.
Okuw maslahatynyň işine Türkmenistanyň Daşary işler, Goranmak, Milli howpsuzlyk ministrliklerinden we Döwlet serhet gullugyndan wekiller gatnaşdylar.
Çäräniň dowamynda Merkezi we Günorta Aziýadaky howpsuzlyk, Owganystandaky ýagdaýlar, şeýle hem global ekstremizme garşy göreş ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Okuw maslahaty tamamlananyndan soňra oňa gatnaşyjylara şahadatnamalar gowşuryldy.