SOŇKY HABARLAR
BMG-niň edaralaryna saýlanmagynyň çäklerinde Türkmenistanyň Iş meýilnamasyny taýýarlamak boýunça Pudagara iş toparynyň mejlisi
2019-njy ýylyň 17-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde 2020-2022-nji ýyllar üçin Bütindünýä Azyk maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji Geňeşiniň, 2020-2024-nji ýyllar üçin Ilat we ösüş Komissiýasynyň we 2020-2023-nji ýyllar üçin Neşe serişdeleri boýunça Komissiýasynyň çäklerinde Türkmenistanyň Iş meýilnamasyny taýýarlamak boýunça täze döredilen Pudagara iş toparynyň birinji mejlisi geçirildi. 2019-njy ýylyň 7-nji maýynda Türkmenistan Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň Guramaçylyk mejlisini...
Türkmenistanyň wekiliýeti terrorçylyga garşy göreşmek boýunça ýokary derejeli maslahata gatnaşdy
2019-njy ýylyň 16-17-nji maýynda Duşanbede «Terrorçylyga we onuň maliýeleşdirilmegine, şol sanda neşe serişdeleriniň bikanun dolanşygyna we gyramaçylykly jenaýatçylyga garşy göreşmekde halkara we sebitleýin hyzmatdaşlyk» atly ýokary derejeli maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet maslahatda Türkmenistana wekilçilik etdi. Bu maslahat Täjigistan Respublikasynyň hökümeti tarapyndan BMG, ÝB, ÝHHG we beýleki abraýly halkara guramala...
Türkmenistanyň wekiliýeti Astana ykdysady forumyna gatnaşdy
2019-njy ýylyň 16-17-nji maýynda Nur-Sultan şäherinde nobatdaky XII Astana Ykdysady Forumy (AYF) geçirildi. Oňa dünýäniň 74 ýurdundan wekiliýetler gatnaşdylar. Forumda Ykdysadyýet boýunça Nobel baýragynyň eýesi we Bütindünýä bankynyň baş ykdysadçysy Pol Romer, Halkara Pul gaznasynyň direktory Kristin Lagard, Russiýanyň Sberbankynyň Prezidenti we müdiriýetiniň başlygy German Gref, Ermenistanyň Prezidenti Armen Sarkisýan, Gruziýanyň premýer-ministri Mamuka Bahtadze we başga-da ýokary derejeli syýa...
Türkmenistan Heläkçilikleriň howpunyň azaldylmagy boýunça Global platformasynyň işine gatnaşýar
2019-njy ýylyň 13-17-nji maýy aralygynda Ženewada «Durnuklylygyň gazanylmagyndaky üstünlikler: durnukly we inklýuziw jemgyýetleriň ýolunda» ady bilen heläkçilikleriň azaldylmagy boýunça Global platformanyň 6-njy mejlisi geçirilýär. Bu Forumda Türkmenistanyň Goranmak ministriniň orunbasarynyň, Goranmak ministrliginiň raýat goranyş we halas ediş işleri boýunça baş Müdirliginiň başlygynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Türkmenistana wekilçilik edýär. Heläkçilikleriň azaldylmagy boýunça Global pl...
Türkmenistanyň wekiliýeti Gidroenergetika boýunça Bütindünýä kongresine gatnaşdy
2019-njy ýylyň 14-16-njy maýy aralygynda Parižde Gidroenergetika boýunça Bütindünýä kongresi geçirildi, onuň barşynda Pariž howa ylalaşygynyň we «Durnukly, özarabaglanşykly dünýäde suwuň güýji» şygary astynda Durnukly ösüş maksatlarynyň durmuşa geçirilişi ara alnyp maslahatlaşyldy. Kongrese 70 ýurtdan resmi wekiliýetler, abraýly halkara guramalarynyň, işewürlik toparlarynyň wekilleri, bilermenler we alymlar gatnaşdylar. Onda Türkmenistana Energetika ministrliginiň we S.A.Nyýazow ad.Türkmen...
Türkmenistan we Wýetnam köpugurly hyzmatdaşlygy giňeltmegi göz öňünde tutýarlar
2019-njy ýylyň 16-njy maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde türkmen paýtagtyna iş sapary bilen gelen Wýetnamyň Kommunstik Partiýasynyň Merkezi Komitetiniň halkara bölüminiň başlygynyň orunbasary Nguen Tuan Fongyň ýolbaşçylygyndaky Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar iki ýurduň arasyndaky köpugurly gatnaşyklary ösdürmäge ygrarlydyklaryny belläp geçdiler. Şunuň bilen baglylykda döwletara saparlarynyň guralmagynyň, has...
Aşgabatda Türkmenistanyň oba hojalykda gazananlarynyň sergisi hem-de halkara ylmy maslahaty geçirilýär
2019-njy ýylyň 16-njy maýynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň sergi zalynda Türkmenistanyň oba hojalygynyň gazananlaryna bagyşlanan serginiň we «Türkmenistanyň oba hojalyk ekinleriniň tohumçylyk ulgamynda ýetilen sepgitler we öňde durýan möhüm wezipeler» atly halkara ylmy maslahatynyň açylyş dabarasy geçirildi. Dabaranyň başynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň sergä hem-de halkara ylmy maslahatyna gatnaşyjylara gutlag haty okaldy. Sergä türkmen alymlary we b...