img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
BELGIÝA PATYŞALYGY - BRUSSEL
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
3 Iýun

Oleg Kononenko Türkmenistanyň Prezidentini gutlady

Lýotçik-kosmonawt Oleg Kononenko Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Bütindünýä welosiped güni mynasybetli gutlag hatyny iberdi. Kosmonawt öz gutlagynda “Türkmenistanyň başlangyjy esasynda 2018-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan esaslandyrylan Bütindünýä welosiped güni Siziň ýolbaşçylygyňyzda sagdyn durmuş ýörelgesini giňden ornaşdyrmak, bedenterbiýäni we sporty wagyz etmek boýunça alnyp barylýan döwlet syýasatynyň aýdyň ykrar edilmegi boldy”...

DOWAMY
pic
31 Maý

Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministrini kabul etdi

2019-njy ýylyň 31-nji maýynda Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministri A.N.Aripow Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan kabul edildi. Ýokary derejeli myhman Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak maksady bilen Aşgabat şäherine geldi. Ikitaraplabýyn gepleşikleriň barşynda Türkmenistanyň we Özbegistanyň syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwerlik ulgamlarynda mundan beýläk hem özarahereketleriniň giňeldilmegi boýunça pikirler alyşyldy.

DOWAMY
pic
31 Maý

Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygyny kabul etdi

2019-njy ýylyň 31-nji maýynda Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy D.A.Medwedew Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan kabul edildi. Ýokary derejeli myhman Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak maksady bilen türkmen paýtagtyna geldi. Duşuşygyň barşynda dürli ulgamlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem pugtalandyrmagyň ähmiýetli ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem abraýly halkara hem-de sebitleýin guramalarynyň çäkl...

DOWAMY
pic
31 Maý

Aşgabatda GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçirilýär

2019-njy ýylyň 31-nji maýynda Aşgabatda Türkmenistanyň şu ýyl GDA başlyklyk etmeginiň çäklerinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçiriler. Bu çärä gatnaşmak maksady bilen ýurdumyza GDA gatnaşyjy-ýurtlaryndan wekilçilikli wekiliýetler gelerler. Bu mejlisiň işiniň dowamynda 30-njy we 31-nji maýda wekiliýetleriň ýolbaşçylarynyň Türkmenistanyň Prezidenti bilen duşuşyklary geçirmegi meýilleşdirilýär. Mejlisiň dowamynda GDA gatnaşyjy-döwlet...

DOWAMY
pic
30 Maý

Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministri Aşgabada geldi

2019-njy ýylyň 30-njy maýynda Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministri A.N.Aripowyň ýolbaşçylygyndaky ýurduň ýokary derejeli wekiliýeti Aşgabada geldi. Özbegistan Respublikasynyň wekilleri 2019-njy ýylyň 31-nji maýynda Aşgabatda geçiriljek Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşar.

DOWAMY
pic
30 Maý

Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Aşgabada geldi

2019-njy ýylyň 30-njy maýynda Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy D.A.Medwedewiň ýolbaşçylygyndaky wekilçilikli wekiliýet Aşgabada geldi. Rus wekiliýeti 2019-njy ýylyň 31-nji maýynda Aşgabatda geçiriljek Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşar.

DOWAMY
pic
30 Maý

Täjigistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň Birinji orunbasary Aşgabada geldi

2019-njy ýylyň 30-njy maýynda Täjigistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň Birinji orunbasary D.Saidyň ýolbaşçylygyndaky Täjigistan Respublikasynyň wekilçilikli wekiliýeti 2019-njy ýylyň 31-nji maýynda geçiriljek Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak maksady bilen Aşgabat şäherine geldi. Günüň ikinji ýarymynda ýokary derejeli myhman Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan kabul edildi. Duşuşygyň barşynda taraplar syýa...

DOWAMY