TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE HALKARA PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK FORUMYNYŇ JEMLERINE BAGYŞLANAN TEGELEK-STOL GEÇIRILDI
Şu gün, 14-nji dekabrda Daşary işler ministrliginde 2021-nji ýylyň 10-njy dekabrynda geçirilen Türkmenistanyň Hökümetiniň giňeldilen mejlisiniň, şeýle-de 11-nji dekabrda türkmen paýtagtynda geçen «Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty – halkara howpsuzlygynyň, durnuklylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara maslahatynyň jemlerine bagyşlanan tegelek-stol guraldy.
Duşuşyga ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçylary we işgärleri, şeýle-de Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumynyň netijeleri boýunça kabul edilen Jemleýji resminama çärä gatnaşanlaryň üns merkezinde boldy.
Mälim bolşy ýaly, Aşgabatda geçen Ýokary derejeli foruma gatnaşyjylar jemleýji resminamany kabul etmek arkaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Dialog — parahatçylygyň kepili» diýen ählumumy başlangyjyny ilerletmek boýunça teklibini goldadylar. Bu başlangyç halkara bileleşiginiň dünýäniň halklarynyň parahatçylykly we ynanyşmak esasynda ýaşaşmagynyň däplerini pugtalandyrmak, halkara gatnaşyklarda parahatçylyk we ynanyşmak medeniýetiniň ählumumy berkarar bolmagy ugrundaky tagallalarynyň birleşdirilmegini maksat edinýändir.
Şeýle-de duşuşyga gatnaşyjylar tarapyndan Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretaryna we BMG-niň agza ýurtlaryna parahatçylygyň medeniýetini ilerletmek boýunça ählumumy çäreleri geçirmek tejribesini dowam etmek çagyryşy bilen ýüzlenilmeginiň, bu ugurda BMG-niň Baş Assambleýasynyň derejesinde 2023 — 2032-nji ýyllar üçin parahatçylyk we ynanyşmagyň medeniýetiniň ählumumy onýyllygynyň yglan edilmeginiň teklip berilmeginiň aýratyn derwaýyslygy bellenilip geçildi.
Mundan başga-da, ýaşlaryň parahatçylyk, ynanyşmak, habarlylyk, açyklyk, inklýuziwlik we özara hormatlamak ýaly gymmatlyklara düşünmegini çuňlaşdyrmak maksady bilen, olaryň parahatçylygyň medeniýetini höweslendirmäge gatnaşmagyny üpjün etmek üçin degişli gurallaryň döredilmeginiň zerurlygy beýan edildi.
Bellenilip geçilişi ýaly, döwletleriň arasyndaky gatnaşyklarda parahatçylygyň we ynanyşmagyň medeniýetini ösdürmegiň, raýdaşlygy we sazlaşygy pugtalandyrmak arkaly durnukly ösüşe, parahatçylyga we howpsuzlyga ýardam edýän gymmatlyklar hökmünde Bitaraplyk syýasaty bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Şunlukda, parahatçylygyň we ynanyşmagyň medeniýetini ilerletmekde, jedelleri parahatçylyk ýoly bilen kadalaşdyrmakda, gapma-garşylyklaryň öňüni almakda we kadalaşdyrmakda bitarap döwletleriň mümkinçiliklerinden doly derejede peýdalanmak maslahat berildi.
Çykyş edenler jemleýji resminamany kabul etmek hem-de beýan edilen başlangyçlary hemmetaraplaýyn goldamak arkaly, Foruma gatnaşyjylaryň Birleşen Milletler Guramasyna agza döwletleriň ählisini we halkara durmuşynyň beýleki agzalaryny Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli her ýylyň 12-nji dekabrynda halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi saklamakda hem-de pugtalandyrmakda Bitaraplyk syýasatynyň orny we ähmiýeti barada jemgyýetçiligiň habarlylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen çäreleri işjeň geçirmäge çagyrandyklaryny aýratyn belläp geçdiler.
Duşuşyga gatnaşyjylar, Türkmenistanyň Prezidentiniň aýdan sözlerini beýan etmek bilen, şeýle şertlerde diňe ynanyşmagyň dikeldilmeginiň, ykrar edilen halkara hukuk kadalaryna eýermegiň, özara gatnaşyklar medeniýetiniň ykrar edilmeginiň emele gelen ýagdaýlary düzetmäge we netijeli ugra gönükdirmäge mümkinçilik berjekdigini nygtadylar.
Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli döwletimiziň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda geçiriljek tematiki duşuşyklar şu ýylyň ahyryna çenli dowam eder.