Türkmenistan bilen Tunis ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ugrunda
2019-njy ýylyň 29-njy aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen Tunis Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Moskwa ş.) jenap Mohammed Ali Şihi bilen duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar iki ýurduň arasyndaky gepleşikleriň, hususan-da syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky gepleşikleriň barha artandygyny kanagtlanma bilen bellediler.
Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň degişli edaralarynyň arasynda wekiliýetleri özara alyşmagyň, hem-de işewür toparlaryň gatnaşmagynda geçirilýän halkara derejeli çärelere bilelikde gatnaşmaklygyň zerurlygy barada nygtaldy.
Şeýle-de, taraplar bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek meselesini ara alyp maslahatlaşdylar, hususan-da Tunisiň ýokary okuw mekdepleriniň edebi arap dilini öwretmek boýunça gazanan tejribesi barada aýdyldy.