Aşgabatda Türkmen-britan söwda-senagat geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi

2019-njy ýylyň 25-nji aprelinde Aşgabat şäheriniň «Ýyldyz» myhmanhanasynda Türkmen-britan söwda-senagat geňeşiniň ýedinji mejlisi geçirildi.  

Türkmen tarapyndan duşuşyga Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet, daşary işler, bilim, oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrlikleriniň, şeýle hem «Türkmengaz» Döwlet konserniniň we Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar.

Britan tarapyndan mejlise Beýik Britaniýanyň Parlamentiniň Lordlar Palatasynyň agzasy Baronessa Emma Nikolson, Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Torhilda Meri Wiwia Ebott-Uatt, şeýle hem öňdebaryjy britan kompaniýalarynyň we degişli guramalaryň wekilleri gatnaşdylar.  

Mejlisiň barşynda taraplar Türkmenistanyň özüni halkara giňişliginde tanatmagy başaran, aýratyn hem maliýe, energetika we oba hojalygy ulgamynda işleýän ençeme meşhur britan kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy hakynda gürrüň etdiler. Taraplar söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk hem berkitmegiň we iki ýurduň arasyndaky haryt dolanşygyny artdyrmagyň mümkinçiliklerine we bu ugurdaky tekliplere seredip geçdiler.