Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda türkmen diplomatiýasynyň ileri tutulýan ugurlary boýunça leksiýalar
2019-njy ýylyň 25-nji aprelinde Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň ulag, energetika we suw diplomatiýasy boýunça merkezinde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjileri üçin leksiýalar geçirildi.
Leksiýalar Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçileri, şeýle-de Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň we Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň professor-mugallymlarynyň wekilleri tarapyndan okaldy.
Leksiýalaryň barşynda diňleýjiler häzirki wagtda Türkmenistanyň daşary syýasy gün tertibinde möhüm orun eýeleýän energetika, ulag we suw diplomatiýasynyň ähmiýetli ugurlary bilen tanyş boldular.
Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyçlary bellenilip geçildi, olaryň esasynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan energoserişdeleriniň halkara bazarlaryna durnukly we ygtybarly üpjün edilmegi boýunça rezolýusiýalary kabul edildi. Leksiýalaryň ähmiýetli bölegi halkara ulag logistikasyna, şeýle hem ýurtda ykdysady we durmuş taýdan ösüşiň möhüm şerti bolan ulag infrastrukturasynyň döredilmegine bagyşlandy.
Şeýle hem diňleýjiler ekologiýa howpsuzlygynyň aýratynlyklary bilen hem tanyş boldular. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Araly halas etmegiň Halkara gaznasyna başlyklyk etmeginiň çäklerindäki işler bellenilip geçildi.