Türkmenistanyň DIM-de hazarýaka döwletleriniň wekilleriniň nobatdaky iş mejlisi tamamlandy
2019-njy ýylyň 26-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Hazar deňzinde biologik serişdeleriň bikanun awlanylmagyna (brakonýerçilige) garşy göreş barada hyzmatdaşlyk etmek hakynda Teswirnamanyň taslamasynyň ara alnyp maslahatlaşylmagy boýunça hazarýaka döwletleriniň ygtyýarlandyrylan wekilleriniň, gatnaşyjylaryň dördünji mejlisi öz işini tamamlady.
Maslahata gatnaşyjylar, Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Eýranyň we Russiýanyň ygtyýarlandyrylan wekilleri teswirnamanyň taslamasyna ara alyp maslahatlaşdylar we degişli düzedişleri hem-de teklipleri girizdiler. Agzalan resminama geçen ýylyň awgust aýynda bäş sany hazarýaka döwletleriň Prezidentleri tarapyndan gol çekilen Hazar deňziniň hukuk derejesi baradaky Konwensiýa laýyklykda işlenilip düzülýändir. Soňky döwürde, Türkmenistanyň işjeň gatnaşmagynda Hazarýaka döwletleriň hyzmatdaşlygynyň çäginde möhüm ylalaşyklaryň kabul edilendigini bellemek zerurdyr.
Mejlise gatnaşyjylar, türkmen tarapyndan gurnalan bu maslahatyň guramaçylygynyň ýokary derejesini belläp, bilelikdäki önjeýli iş üçin minnetdarlyklaryny bildirdiler.