Türkmenistanyň Ilçisi Lýuksemburg şäheriniň häkiminiň orunbasary bilen duşuşdy
Türkmenistanyň Belgiýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sapar Pälwanow Lýuksemburgyň Beýik Gersogyna ynanç hatyny gowşurmak üçin Lýuksemburga iş saparyny amala aşyrýar.
Resminamalary gowşurmak dabarasy 22-nji martda meýilleşdirilýär, şu gün, 21-nji martda Pälwanowyň Lýuksemburg şäheriniň häkiminiň orunbasary Moris Bauer bilen duşuşygy bolup geçdi.
Türkmenistanyň Brýusseldäki diplomatik gullugynyň ýolbaşçysy Lýuksemburg şäher häkimliginde Türkmenistanyň Ahal welaýatynyň dolandyryş merkezi – täze Arkadag şäherini tanyşdyrdy.
Diplomat şäher hojalyk guramaçylygy ulgamynda, şol sanda durmuş-ýaşaýyş, howpsuzlyk ulgamlarynda, elektromobillere gönükdirilen ulag segmentinde we ş.m. häzirki zaman akylly çözgütleri durmuşa geçirmäge esaslanýan "akylly" şäheriň gurluşygynyň ileri tutulýan ugurlary we aýratynlyklary barada gürrüň berdi.
Duşuşykda bellenip geçilişi ýaly, dünýäde “akylly şäheriň” çylşyrymly infrastrukturasy noldan gurlan başga bir şäheri tapmak kyn. Hatda ösen ýurtlar, şol sanda Lýuksemburg hem, köne şäherleri “akylly” şäher elementleri bilen diňe bölekleýin enjamlaşdyrýarlar. Bu nukdaýnazardan Arkadag şäheri “smart-city” global hereketi üçin göreldeli mysal bolup biler.
Lýuksemburg şäher häkimliginiň ýolbaşçylaryny Arkadag şäheriniň açylyş dabarasyna çagyrmaga söz beren türkmen ilçisi Moris Bauer bilen iki paýtagt şäher - Lýuksemburg bilen Aşgabadyň arasynda dogan şäher gatnaşyklaryny ýola goýmak mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşdy. Diplomat türkmen tarapynyň dünýäniň dürli şäherleri bilen hyzmatdaşlygyň bu görnüşini üstünlikli durmuşa geçirýändigini, munuň telekeçilik, medeniýet, bilim we ş.m. ugurlarda özara gatnaşyklary ösdürmäge ajaýyp mümkinçilik döredýändigini aýtdy.