TÜRKMENISTANYŇ ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISI YNANÇ HATLARYNYŇ NUSGASYNY BELGIÝA PATYŞALYGYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINE GOWŞURDY

29-njy awgustda Belgiýa Patyşalygynyň Daşary işler ministrliginiň Protokol gullugynyň müdiri Oliwiýe Bel bilen Türkmenistanyň Belgiýa Patyşalygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Sapar Pälwanowyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Söhbetdeşligiň barşynda Oliwiýe Bel Türkmenistanyň Ilçisini bu jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlady we onuň geljekki diplomatik işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryna seredip geçdiler. Abraýly sebit hem-de halkara guramalarynda, şol sanda BMG-niň, ÝB-niň we beýlekileriň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň hem-de halkara başlangyçlaryň we teklipleriň özara goldanylmagynyň oňyn tejribesi barada aýratyn bellenilip geçildi.

Duşuşygyň ahyrynda S.Pälwanow Ynanç hatlarynyň nusgasyny gowşurdy we türkmen-belgiýa gatnaşyklaryny mundan beýläk hem giňeltmekde ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdygyny nygtady.