RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
23 Noý

AŞGABATDA SÖWDA-YKDYSADY, YLMY-TEHNIKI WE MEDENI HYZMATDAŞLYK BOÝUNÇA BILELIKDÄKI TÜRKMEN-ÖZBEK TOPARYNYŇ NOBATDAKY MEJLISI GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 23-nji noýabrynda paýtagtymyzyň “Arçabil” myhmanhanasynda söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň 15-nji mejlisi geçirildi. Toparyň türkmen tarapyna Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary E.Orazgeldiýew, özbek tarapyna Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň birinji orunbasary A.Rahmatow ýolbaşçylyk etdi. Mejlisiň dowamynda ýokary derejede gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek boýunça alnyp...

DOWAMY
pic
22 Noý

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNA IŞ SAPARY MEÝILLEŞDIRILÝÄR

2019-njy ýylyň 28-29-njy noýabry aralygynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasyna iş sapary amala aşyrylar. Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidentiniň Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen ikiçäk duşuşygynyň bolmagy meýilleşdirilýär.  Iki ýurduň Baştutanlary hyzmatdaşlygyň ähli ugurlary boýunça türkmen-özbek gatnaşyklaryny giňeltmegiň mümkinçiliklerine serederler. / Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi /

DOWAMY
pic
22 Noý

WAŞINGTONDA TÜRKMEN-AMERIKAN HYZMATDAŞLAGYNYŇ SYÝASY WE YKDYSADY UGURLARY ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

2019-njy ýylyň 21-nji noýabrynda, Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň Waşingtona bolan saparynyň çäklerinde, ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň ykdysady ösüş, energetika we daşky gurşaw boýunça orunbasary Kit Kraç bilen duşuşyk geçirildi. Taraplar söwda-ykdysady we ulag-üstaşyr ulgamlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini, şol sanda, nebit-gaz, sanly tehnologiýalar we gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslaha...

DOWAMY
pic
21 Noý

SPEKA-NYŇ YKDYSADY FORUMYNYŇ NETIJELERI BOÝUNÇA “AŞGABAT BAŞLANGYJY” KABUL EDILDI

2019-njy ýylyň 20-21-nji noyabrynda Aşgabat şäherinde «Arabaglanyşyk: SPEKA sebitinde durnukly ulag we ösüş hem-de söwdanyň ýeňilleşdirilmegi» mowzugy boýunça SPEKA-2019 Ykdysady forumy geçirildi. Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady komissiýasy hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Aziýa we Ýuwaş umman sebiti üçin ykdysady we durmuş komissiýasy (ESKATO) bilen bilelikde guralan foruma, halkara guramalaryň yolbaşçylary we hünärmenleri, SPEKA-nyň ag...

DOWAMY
pic
21 Noý

TÜRKMENISTAN WE ABŞ WAŞINGTONDA SYÝASY GEŇEŞMELERI GEÇIRDILER

20-nji noýabrda Waşingtonda Daşary işler ministriniň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň wekiliýeti her ýyl geçirilýän türkmen-amerikan syýasy geňeşmeleriň nobatdaky tapgyryna gatnaşdy. ABŞ-nyň Döwlet departamentinde geçirilen geňeşmeleriň dowamynda amerikan tarapyndan ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça orunbasarynyň işlerini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Elis Wells wekilçilik etdi. Geňeşmeleriň barşynda ikitaraplaýyn gün tertibiniň wajyp meseleleri babatynda piki...

DOWAMY
pic
20 Noý

ÇAGANYŇ HUHUKLARY HAKYNDAKY KONWENSIÝANYŇ KABUL EDILMEGINIŇ 30 ÝYLLYGY MYNASYBETLI ÇÄRE GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 20-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Çaganyň huhuklary hakyndaky Konwensiýanyň kabul edilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli ýokary derejeli çäre geçirildi. Bu çärä UNICEF-iň Türkmenistandaky wekili Kristin Weýgand, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri N.Amannepesow, Türkmenistanyň Bilim ministri M.Geldinyýazow, UNICEF-iň hünärmenleri, DÖM-nyň ýaş ilçileri, ýurdumyzda akkreditirlenen beýleki halkara guramalaryň we diplomatik wekilhanalar...

DOWAMY
pic
20 Noý

MINSKDE GDA-NYŇ ÝERINE ÝETIRIJI KOMITETINIŇ BAŞ BINASYNDA TEGELEK STOL GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 19-njy noýabrynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň baş binasynda GDA-nyň Tertipnamalaýyn we beýleki edaralarynyň ýanyndaky Hemişelik Doly ygtyýarly wekilleriniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Mejlisiň yz ýany bilen, Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky Ilçihanasynyň guramagynda şu ýylyň 11-nji oktýabrynda Aşgabat şäherinde geçirilen GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy bilen «GDA ga...

DOWAMY