RSS

SOŇKY HABARLAR

27 Ýan

KHBS ÜÇIN HABAR

Şu gün, 2022-nji ýylyň 27-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň we Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Aleksandr Blohiniň arasynda duşuşyk geçirildi. Taraplar türkmen-rus gatnaşyklaryny mundan beýläk hem ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar, halkara we sebit meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň DIM-leriniň derejesinde s...

DOWAMY
26 Ýan

AŞGABATDA MOWZUKLAÝYN HALKARA YLMY-AMALY MASLAHAT WE SERGI GEÇIRILÝÄR

2022-nji ýylyň 26-njy ýanwarynda paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça guralan “Türkmen topragy — dünýä ýaň salan medeni gymmatlyklaryň ojagy” atly halkara ylmy-amaly maslahat öz işine başlady. Söwda-senagat edarasynyň binasynda geçirilen forumyň açylyş dabarasyna we umumy mejlisine Hökümet agzalary, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ylym-bilim ulgamynyň...

DOWAMY
26 Ýan

METBUGAT ÜÇIN HABAR

Şu gün, 2022-nji ýylyň 26-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Merdowyň hem-de Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Metýu Stiwen Klimouň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meseleleriniň giň gerimini ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle-de özara gyzyklanma bildirilýän halkara we sebit meselelerine seredip geçdiler. Şeýle hem diplomat...

DOWAMY
25 Ýan

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI «HYTAÝ – MERKEZI AZIÝA» ÝOKARY DEREJELI DUŞUŞYGYNA GATNAŞDY

2022-nji ýylyň 25-nji ýanwarynda Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň başlangyjy boýunça Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Hytaýyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp onlaýn-sammit geçirildi. Çäräniň başynda geçen 30 ýylyň dowamynda Hytaýyň hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň esasy gazananlaryny hem-de dostlukly gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlaryny beýan edýän wideo şekiller görkezildi. Soňra Hytaý Halk Respublikasyn...

DOWAMY
22 Dek

TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE BRIFING GEÇIRILDI

Şu gün, 22-nji dekabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde koronawirus ýokanjynyň ýaýramagynyň we ýurdumyzyň çäklerine getirilmeginiň öňüni almak boýunça daşary ýurt döwletleriniň tejribelerini öwrenmäge bagyşlanan brifing geçirildi. Brifinge ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň ýolabaşçylary we işgärleri, şeýle hem Türkmenistanyň daşary ýurtlarda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Brifingde çykyş etmek bilen, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Ba...

DOWAMY
22 Dek

TÜRKMENISTANYŇ HÖKÜMET WEKILIÝETINIŇ PAKISTANA WE HINDISTANA BOLAN SAPARLARYNYŇ JEMLERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

Şu gün, 22-nji dekabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen bolan iş duşuşygynyň çäklerinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow hökümet wekiliýetiniň şu ýylyň 18-20-nji dekabry aralygynda Pakistan Yslam Respublikasyna we Hindistan Respublikasyna guralan saparlarynyň jemleri boýunça hasabat berdi. Döwlet Baştutanymyz tarapyndan hemişelik bitaraplyk derejämize esaslanan daşary syýasat strategiýamyzyň ýörelgelerine la...

DOWAMY
21 Dek

TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE ÝURDUMYZYŇ SAGLYGY GORAÝYŞ ULGAMYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARYNYŇ HEM-DE TÜRKMEN DIPLOMATLARYNYŇ GATNAŞMAGYNDA DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2021-nji ýylyň 21-nji dekabrynda Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş ulgamynyň hem-de döwletimiziň daşary ýurtlardaky diplomatik we konsullyk edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi. Mejlisiň başynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary S.Toýlyýew giriş sözi bilen çykyş etdi. Wise-premýer Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan ýurdumyzyň çäginde koronawirus hem-de beýleki howply ýokanç keselleriň ýüze çykmagyna we ýaýramagyna ýol...

DOWAMY