RSS

SOŇKY HABARLAR

13 Mar

TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE TÜRKI DÖWLETLERIŇ GURAMASYNYŇ BAŞ SEKRETARY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2022-nji ýylyň 13-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna gatnaşan TDG-niň synçylar toparynyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň paýtagtyna gelen Türki döwletleriň guramasynyň (TDG) Baş sekretary Bagdad Amreýewi kabul etdi. Duşuşygyň barşynda nygtalyşy ýaly, Türkmenistan Türki döwletleriň guramasy bilen gatnaşyklarynyň ösdürilmegini özüniň sebitleýin we ählumumy hereketlere gatnaşygynyň umumy ugruny nazarda tutmak arkaly ileri tutý...

DOWAMY
10 Mar

TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI TÜRKI DÖWLETLERIŇ GURAMASYNYŇ AKSAKALLAR GEŇEŞINIŇ BAŞLYGY BINALY ÝYLDYRYM BILEN DUŞUŞDY

Şu gün, 10-njy martda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň türkmen paýtagtyna sapar bilen gelen Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakallar geňeşiniň başlygy Binaly Ýyldyrym bilen duşuşygy geçirildi. Işjeň ýagdaýda geçirilen söhbetdeşligiň barşynda taraplar bu Guramanyň çäklerinde köptaraplaýyn özara hereketleriň giňeldilmegi we pugtalandyrylmagy babatynda pikir alyşdylar. Şu nukdaýnazardan, türkmen tarapy Türkmenistanyň synçy-döwlet hökmünde bu halkara düzüminiň işine işjeň gatn...

DOWAMY
4 Mar

TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI DAŞKENTDE GEÇIRILEN BMG-NIŇ TERRORÇYLYGA GARŞY GÖREŞMEK BOÝUNÇA SEBITLEÝIN MASLAHATYNA GATNAŞDY

2022-nji ýylyň 3-4-nji martynda Daşkentde Hereketleriň bilelikdäki meýilnamasynyň (HBM) 10 ýyllygyna bagyşlanyp «BMG-niň Terrorçylyga garşy Global strategiýasynyň durmuşa geçirilmegi boýunça Hereketleriň bilelikdäki meýilnamasynyň çäklerinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň sebitleýin hyzmatdaşlygy» atly ýokary derejeli Halkara maslahat geçirildi.   Çärede Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň ýüzlenmesi hem-de BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň wideoýüzlenmesi diňlenildi....

DOWAMY
27 Few

KHBS ÜÇIN MAGLUMAT

Şu gün, 27-nji fewralda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow ýurdumyzyň daşary ýurtlardaky diplomatik korpusy bilen duşuşyk geçirdi. 2022-nji ýylyň 12-nji martynda geçiriljek Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi bilen bagly meseleleriň hemmetaraplaýyn ara alnyp maslahatlaşylmagy göni wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen nobatdaky duşuşygyň esasy temasy boldy. Beýan edilişi ýaly, häzirki wagtda ýurduň Prezidentiniň saýlawlaryna gör...

DOWAMY
24 Few

TÜRKIÝEDE TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ “AK ŞÄHERIM AŞGABAT” ATLY KITABYNYŇ TANYŞDYRYŞ DABARASY GEÇIRILDI

Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasynyň, Türkiýäniň “Çalyk Holding” kompaniýasynyň we Malatýadaky Inönü uniwersitetiniň bilelikde guramagynda 2022-nji ýylyň 23-nji fewralynda Malatýa şäherinde “Halkyň Arkadagly Zamanasy” ýyly mynasybetli Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Ak şäherim Aşgabat” atly kitabynyň türk dilindäki nusgasynyň tanyşdyryş dabarasy, Türkmenistanyň Prezidentiniň kitaplarynyň we ýurdumyzy wasp edýän fotosuratlaryň we medeni gymmatlykl...

DOWAMY
24 Few

DIM-NIŇ ÝOLBAŞÇYSY BMG-NIŇ SAÝLAWLARY GEÇIRMEKDE ÝARDAM BERMEK BOÝUNÇA WEKILI BILEN DUŞUŞDY

2022-nji ýylyň 24-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow BMG-niň syýasy we parahatçylyk gurujylyk meseleleri boýunça Departamentiniň Saýlawlaryň geçirilmeginde ýardam bermek boýunça bölüminiň Direktory Kreýg Jenness bilen duşuşyk geçirdi.  Göni wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirilen söhbetdeşligiň barşynda taraplar Türkmenistanyň BMG hem-de onuň ýöriteleşdirilen agentlikleri bilen strategiki hyzmatdaşlygyna ýokary baha berdiler. Bu ugurda, derwaýys halkara hem-de...

DOWAMY
24 Few

TÜRKMENISTANYŇ WE BEÝIK BRITANIÝANYŇ DAŞARY SYÝASAT EDARALARYNYŇ ARASYNDA «GURLUŞLAÝYN DIALOG» BAŞLANDY

2022-nji ýylyň 24-nji fewralynda Türkmenistanyň we Beýik Britaniýanyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda göni wideoaragatnaşyk görnüşinde «Gurluşlaýyn dialog» başlandy. Türkmen wekiliýeti Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýewiň ýolbaşçylygynda gatnaşdy, britan wekiliýetine Beýik Britaniýanyň DIM-niň Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa departamentiniň direktory Jastin Mak Kenzi ýolbaşçylyk etdi. Diplomatlar ikitaraplaýyn gün tertibiniň meseleleriniň giň toplumy boý...

DOWAMY