RSS

SOŇKY HABARLAR

15 Ýan

Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri üçin habar

Halkara derejesinde hemişelik bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolan Türkmenistan daşary syýasatyny halkara hukugyna laýyklykda alyp barýar. Şunuň bilen baglylykda, Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasyndan gelip çykýan, esasy ýörelgelerinden biri bolan döwletleriň territorial bitewiligine hormat goýmak bilen, Türkmenistan “bir Hytaý” ýörelgesini berk goldaýar we bütin Hytaýa wekilçilik edýän Hytaý Halk Respublikasynyň hökümetiniň ýeke-täk kanuny hökümet bolup durýandygyny ýene bir gezek...

DOWAMY
9 Ýan

Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan COP28-de öňe sürlen milli garaýyşlar BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisiniň resminamasy hökmünde neşir edildi

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2023-nji ýylyň 1-2-nji dekabrynda Dubaý şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna (COP28) gatnaşyjylaryň maslahatynyň ýigrimi sekizinji mejlisinde eden çykyşyndaky howanyň üýtgemegi we daşky gurşawyň howpsuzlygy baradaky milli garaýyşlaryň beýany, Baş Assambleýanyň 78-nji mejlisiniň resmi resminamasy hökmünde BMG-niň alty resmi dilinde neşir edildi we ýaýradyldy. Resminamanyň doly tekstini aşakdaky salgyda tanyşyp...

DOWAMY
19 Dek

Türkmenistan-Ýewropa Bileleşiginiň bilelikdäki komitetiniň 22-nji mejlisi Brýusselde geçirildi

Şu gün Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň bilelikdäki komitetiniň 22-nji mejlisi Brýusselde geçirildi. Duşuşykda Maliýe we ykdysadyýet ministri we bilelikdäki komitetiň ýolbaşçysy S.Joraýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýetiniň düzümine Bilim ministriniň orunbasary, "Türkmengaz" döwlet konserniniň we "Türkmenhowaýollary" agentliginiň , şeýle hem beýleki degişli ministrlikleriň wekilleri girdiler. Ýewropa Bileleşiginiň wekiliýetine Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa Ýewropan...

DOWAMY
18 Dek

Brýusselde Türkmenistan bilen ÝB arasynda adam hukuklary barada gepleşikler geçirildi

Şu gün Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň müdiri Ý.Nuryýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýetiniň Belgiýanyň Brýussel şäherine sapary boldy. Türkmen wekiliýetiniň düzümine Adalatçy, Daşary işler, Içeri işler we Adalat ministrlikleriniň wekilleri girdi. Türkmenistanyň Belgiýadaky Ilçihanasynyň we ÝB-niň Türkmenistandaky wekiliýetiniň ýolbaşçylary wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygyň işine gatnaşdylar. Ýewropa Bileleşiginiň wekiliýetine şu aşakdakylar wekilçilik...

DOWAMY
16 Noý

Представители Туркменистана выступили на ведущем форуме Центральной Азии по гендерному равенству в Брюсселе

С 13 по 15 ноября 2023 года в самом сердце Европы – Брюсселе, состоялся знаковый форум «Диалог женщин-лидеров Центральной Азии». Мероприятие, совместно организованное Европейским союзом и Региональным центром Организации Объединенных Наций по превентивной дипломатии в Центральной Азии, стало важным событием для регионального сотрудничества. В этом событии активно участвовала делегация из Туркменистана, состоящая из представителей Меджлиса и Союза женщин. Их присутствие не только продемонстрир...

DOWAMY
1 Noý

“MERKEZI AZIÝA-KOREÝA RESPUBLIKASY” HYZMATDAŞLYGYNYŇ ÇÄGINDE DAŞARY SYÝASAT EDARALARYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARYNYŇ DUŞUŞYGY BOÝUNÇA PRESS-RELIZ

2023-nji ýylyň 1-nji noýabrynda Aşgabatda «Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy» hyzmatdaşlyk forumynyň Daşary işler ministrleriniň 16-njy mejlisi geçirildi. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Koreýa Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň häzirki mejlisi “Merkezi Aziýada we Koreýa Respublikasynda durnukly geljegi üpjün etmekde ýaşlaryň ägirt uly mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek arkaly hyzmatdaşlyk" atly tema bagyşlandy. Bu garaýyş foruma gatnaşyjy ýurtlaryň ýakyn geljek üçin hyz...

DOWAMY
31 Okt

AŞGABATDA MERKEZI AZIÝA ÝURTLARYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ WE ÝHHG-NIŇ BAŞ SEKRETARYNYŇ DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

2023-nji ýylyň 31-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretarynyň we Merkezi Aziýa döwletleriniň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň mejlisi geçirildi. Onda sebitleýin howpsuzlygyň, ösüşiň we durnuklylygyň iň möhüm temalary boýunça düýpli pikir alşyldy. Duşuşyga gatnaşyjylar serhet howpsuzlygy, howanyň üýtgemegi we ekologiýa, şeýle hem ulag aragatnaşyklary meselelerine aýratyn üns berdiler. Duşuşykd...

DOWAMY