SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ BAHREÝN PATYŞALYGYNA RESMI SAPARY
2023-nji ýylyň 21-nji fewralynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow resmi sapar bilen Bahreýn Patyşalygyna ugrady. Iki ýarym sagatdan soňra, hormatly Prezidentimiziň uçary iki dostlukly ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Muharrak şäheriniň Halkara howa menziline gondy. Uçaryň ýanynda döwlet Baştutanymyzy Bahreýn Patyşalygynyň Premýer-ministriniň orunbasary Şeýh Halid bin Abdulla Al Halifa hem-de beýleki resmi adamlar mähirli garşyladylar. 22-nji fewralda ýokary derejedäki...
Ilçi Sapar Palwanow şol bir wagtda täze wezipelere bellenildi
Prezident Serdar Berdimuhamedow Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Belgiýa Patyşalygyndaky (Brýussel şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sapar Begžanowiç Palwanow Himiýa ýaraglaryny gadagan etmek barada guramanyň ýanyndaky Türkmenistanyň hemişelik wekili wezipesine bellenildi. Şeýle-de döwlet Baştutanynyň gol çeken Permany bilen, Türkmenistanyň Belgiýa Patyşalygyndaky (Brýussel şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sapar Begžanowiç Palwanow Türkmenis...
Niderlandlar Patyşalygynyň täze bellenen Ilçisi Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary tarapyndan kabul edildi
Düýn Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň Niderlandlar Patyşalygynyň Türkmenistandaky täze bellenen (oturýan ýeri Astana şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Andre Karstens bilen duşuşygy geçirildi. W.Hajiýew Ilçini wezipä bellenmegi bilen gutlady hem-de oňa diplomatik işinde üstünlikleri arzuw etdi. Syýasy-diplomatik gepleşikleri giňeltmekde halkara guramalaryň çäginde işjeň gatnaşykda bolmak, Daşary işler mini...
Türkmenistan bilen ÝB-niň arasynda energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak ylalaşyldy
Türkmenistanyň Belgiýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Sapar Palwanow we Energetika meseleleri boýunça Ýewropa Komissarynyň kabinetiniň başlygy Stefano Grassiniň arasynda Ýewropa komissiýasynyň edara binasynda geçirilen duşuşykda özara energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak ylalaşyldy. Duşuşygyň dowamynda ilçi Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigini (ÝB) energetika meselelerinde ygtybarly hyzmatdaş hökmünde görýändigini belläp, bu ugurdaky hyzmatdaşlygy has hem çuňlaşdyrma...
TÜRKMENISTANYŇ WE TÜRKIÝE RESPUBLIKASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIGI
2023-nji ýylyň 6-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow bilen Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministri M.Çawuşoglunyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi. Söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Türkiýedäki köp sanly adamyň ölmegine we ýaralanmagyna sebäp bolan ýer titremesi bilen baglanyşykly türk kärdeşine duýgudaşlyk we goldaw bildirdi. R.Meredow pida bolanlaryň garyndaşlaryna we ýakynlaryna çuňňur gynanç bildi...
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýede we Siriýada bolan ýertitreme zerarly gynanç bildirdi
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow duşenbe güni Türkiýäniň we Siriýanyň Döwlet Baştutanlaryna iki ýurtda bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna, şikes ýetmelerine we giň möçberli weýrançylyklara getiren güýçli ýertitreme zerarly gynanç hatyny iberdi. Döwlet Baştutanymyz şu agyr pursatda gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan ýürekden gynanjyny, medet beriji sözlerini, ejir çekenlere bolsa t...
Ýörite pudagara topar Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň ýerine ýetirilişine syn berdi
2023-nji ýylyň 3-nji fewralynda Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň adam hukuklary we halkara ynsanperwer hukugy babatda halkara borçnamalarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Oňa ýurdumyzyň Mejlisiniň, birnäçe ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Pudagara toparyň 2022-nji ýylda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri hem-de şu ýyl üçin öňde goýlan wezipeler mejlisiň g...