RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
28 Few

TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE BMG-NIŇ ÝÖRITELEŞDIRILEN EDARALARY BILEN RESMINAMALARYŇ TOPLUMYNA GOL ÇEKILDI

Düýn, 2023-nji ýylyň 27-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň, pudak edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň we Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysynyň wekilhanasynyň, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň (UNDP), Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasynyň (UNFPA) hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň (UNICEF) Türkmenistandaky wekilhanalarynyň arasynda resminamalara...

DOWAMY
pic
23 Few

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ BAHREÝN PATYŞALYGYNA RESMI SAPARY

2023-nji ýylyň 21-nji fewralynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow resmi sapar bilen Bahreýn Patyşalygyna ugrady. Iki ýarym sagatdan soňra, hormatly Prezidentimiziň uçary iki dostlukly ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Muharrak şäheriniň Halkara howa menziline gondy.  Uçaryň ýanynda döwlet Baştutanymyzy Bahreýn Patyşalygynyň Premýer-ministriniň orunbasary Şeýh Halid bin Abdulla Al Halifa hem-de beýleki resmi adamlar mähirli garşyladylar. 22-nji fewralda ýokary derejedäki...

DOWAMY
pic
20 Few

Ilçi Sapar Palwanow şol bir wagtda täze wezipelere bellenildi

Prezident Serdar Berdimuhamedow Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Belgiýa Patyşalygyndaky (Brýussel şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sapar Begžanowiç Palwanow Himiýa ýaraglaryny gadagan etmek barada guramanyň ýanyndaky Türkmenistanyň hemişelik wekili wezipesine bellenildi. Şeýle-de döwlet Baştutanynyň gol çeken Permany bilen, Türkmenistanyň Belgiýa Patyşalygyndaky (Brýussel şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sapar Begžanowiç Palwanow Türkmenis...

DOWAMY
pic
17 Few

Niderlandlar Patyşalygynyň täze bellenen Ilçisi Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary tarapyndan kabul edildi

Düýn Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň Niderlandlar Patyşalygynyň Türkmenistandaky täze bellenen (oturýan ýeri Astana şäheri)  Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Andre Karstens bilen duşuşygy geçirildi. W.Hajiýew Ilçini wezipä bellenmegi bilen gutlady hem-de oňa diplomatik işinde üstünlikleri arzuw etdi. Syýasy-diplomatik gepleşikleri giňeltmekde halkara guramalaryň çäginde işjeň gatnaşykda bolmak, Daşary işler mini...

DOWAMY
pic
16 Few

Türkmenistan bilen ÝB-niň arasynda energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak ylalaşyldy

Türkmenistanyň Belgiýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Sapar Palwanow we Energetika meseleleri boýunça Ýewropa Komissarynyň kabinetiniň başlygy Stefano Grassiniň arasynda Ýewropa komissiýasynyň edara binasynda geçirilen duşuşykda özara energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak ylalaşyldy.  Duşuşygyň dowamynda ilçi Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigini (ÝB) energetika meselelerinde ygtybarly hyzmatdaş hökmünde görýändigini belläp, bu ugurdaky hyzmatdaşlygy has hem çuňlaşdyrma...

DOWAMY
pic
7 Few

TÜRKMENISTANYŇ WE TÜRKIÝE RESPUBLIKASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIGI

2023-nji ýylyň 6-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow bilen Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministri M.Çawuşoglunyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi. Söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Türkiýedäki köp sanly adamyň ölmegine we ýaralanmagyna sebäp bolan ýer titremesi bilen baglanyşykly türk kärdeşine duýgudaşlyk we goldaw bildirdi. R.Meredow pida bolanlaryň garyndaşlaryna we ýakynlaryna çuňňur gynanç bildi...

DOWAMY
pic
7 Few

Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýede we Siriýada bolan ýertitreme zerarly gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow duşenbe güni Türkiýäniň we Siriýanyň Döwlet Baştutanlaryna iki ýurtda bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna, şikes ýetmelerine we giň möçberli weýrançylyklara getiren güýçli ýertitreme zerarly gynanç hatyny iberdi. Döwlet Baştutanymyz şu agyr pursatda gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan ýürekden gynanjyny, medet beriji sözlerini, ejir çekenlere bolsa t...

DOWAMY