SOŇKY HABARLAR
Niderlandlar Patyşalygynyň wekiliýeti bilen duşuşyk
2016-njy ýylyň 21-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Niderlandlar Patyşalygynyň Daşary işler ministrliginiň Aýratyn tabşyryklar boýunça Ilçisi j-p Ýan Paul Dirkseniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşykda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşylyp, ikitaraplaýyn gyzyklanmalar bildirilýän meseleler boýunça pikirler alşyldy. Hususan hem, taraplar syýasy, söwda-ykdysady we gumanitar ugurlaryndaky özarabä...
Delide Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanyp halkara maslahat geçirildi
2016-njy ýylyň 13-nji fewralynda, Türkmenistanyň şanly Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygy mynasybetli çäreleri geçirmek boýunça Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygyny ýerine ýetirmek çarçuwasynda, şeýle hem, 2016-njy ýylyň «Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli Nýu Deli şäheriniň «Täj Mahal» myhmanhanasynda Türkmenistanyň Hindistandaky Ilçihanasy Hindi-Türkmen Dostluk Jemgyýeti bilen bilelikde «Garaşsyzlygynyň we ösüşiň 25 ýyly: Türkmenistan we Hindistan» atly...
"GÜNDOGAR-GÜNBATAR” GAZ GEÇIRIJISI AÇYLYP ULANMAGA BERILDI
2015-nji ýylyň 23-nji dekabrynda, Balkan welaýatyna iş sapary bilen gelen Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň iri gaz känlerini bir bitewi gaz geçiriji ulgama birleşdiren “Gündogar-Günbatar” gaz geçirijiniň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Täze gaz geçiriji Mary welaýatyndaky “Şatlyk” gaz gysyjy stansiýasyndan Hazarýaka sebitindäki “Belek” gaz gysyjy stansiýasyna çenli çekildi. Bu şatlykly dabara gatnaşmak üçin hökümet agzalary, Mejlisiň deputatlary, ministrlikleriň w...
Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygyna badalga berildi
2015-nji ýylyň 13-nji dekabrynda Mary welaýatynda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan /TOPH/ gaz geçirijisiniň hem-de “Galkynyş” gaz känini senagat taýdan özleşdirmegiň ilkinji nobatdakysynyň desgalarynyň gurluşygyna badalga berildi. Bu desgalar başlangyç tapgyrda täze energetika geçirijisiniň serişde binýadyna öwrüler. Dabara Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de ýakynda ýurdumyza saparlar bilen gelen Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani, P...
Türkmenistanda ýokary derejeli maslahat geçirildi
2015-nji ýylyň 12-nji dekabrynda “Bitaraplyk syýasaty: Parahatçylygyň, howpsuzlygyň we ösüşiň ugrunda halkara hyzmatdaşlygy” atly Halkara maslahaty geçirildi. Oňa gatnaşmak üçin dürli ýurtlaryň döwlet we hökümet Baştutanlary, dünýäniň ýokary syýasy derejeli wekilleri, abraýly halkara we sebit guramalarynyň baştunanlary gatnaşdylar.
Türkmenistanda Belarus Respublikasynyň Medeniýet günleri geçirilýär
2015-nji ýylyň 7-nji dekabrynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar kögünde Belarus Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy.Belarus Respublikasynyň uly döredijilik wekiliýetiniň düzümine belli toparlar, sungat ussatlary, režissiýorlar, ýazyjylar we suratkeşler girdiler. Açylyş dabarasyndan soňra belarus medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti boldy. Onuň esasyny halk sazlary we tanslary, opera çykyşlary, meşhur aýdymlar, şeýle hem 1970-80-nji...
Tatarstanyň Prezidentiniň Türkmenistana iş sapary
2015-nji ýylyň 7-nji dekabrynda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow Türkmenistana iş sapary bilen geldi.Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň binasynda Türkmenistanyň, Russiýa Federasiýasynyň hem-de Tatarystan Respublikasynyň Döwlet baýdaklarynyň öňünde surata düşmek dabarasy tamamlanandan soň, ikitaraplaýyn duşuşyklar üçin niýetlenen zalda milli Liderimiziň we myhmanyň arasynda gepleşikler geçirildi.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ...