img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
BELGIÝA PATYŞALYGY - BRUSSEL
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
22 Maý

Teleradioýaýlymlaryň halkara standartlary ÝHHG-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň üns merkezinde

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň, şeýle hem parlament wekilleri, žurnalisler we ygtyýarly guramalaryň, bilim we ylmy-barlag edaralaryň işgärleri ÝHHG-niň gurnan seminarynyň dowamynda teleradioýaýlymy dolandyrmagyň we ýaýlyma bermegiň täze görnüşlerini ara alyp maslahatlaşdylar. «Teleradioýaýlymy dolandyrmagyň halkara standartlary we ýaýlyma bermegiň täze görnüşleri» atly okuw maslahaty 2018-nji ýylyň 21-22-nji maýy aralygynda Aşgabatda...

DOWAMY
pic
18 Maý

Astrahan oblastynda Türkmenistanyň Prezidentiniň sowgady bolan Magtymguly Pyragy adyndaky mekdep açyldy

Şu gün ýurdumyzda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününiň bellenýän wagty bu şanly senä bagyşlanan dabaraly çäreler daşary ýurtlarda hem geçirildi. Şunuň ýaly ajaýyp wakalaryň biri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň güýji bilen Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň Priwolžsk raýonynyň Funtowo obasynda gurlan mekdebiň açylyş dabarasy boldy.  Çärä Astrahan oblas...

DOWAMY
pic
18 Maý

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dabaraly çärelere gatnaşdy

Şu gün Garaşsyz, Bitarap ýurdumyz milli senenamamyzda şanly seneleriniň birini — Türkmenistanyň Konstitusiýanyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününi belledi. Watanymyzyň mukaddes nyşanlary bolmak bilen, Konstitusiýamyz hem-de ýaşyl Tugumyz türkmen halkynyň mizemez jebisligini, onuň parahatçylygyň, ynsanperwerligiň we döredijiligiň belent maksatlaryna üýtgewsiz ygrarlylygyny beýan edýär. Paýtagtymyz Aşgabat ählihalk baýramçylygynyň merkezine öwrüldi, bu ýerde milli Liderimiziň gatnaşm...

DOWAMY
pic
14 Maý

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow rekordlary gazanmakda nusgadyr

Şu gün Milli sport we syýahatçylyk institutynda dabaraly maslahat boldy. Ol hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Amul — Hazar 2018” Halkara awtorallisiniň ýakynda geçirilen saýlama tapgyryna badalga bermegine bagyşlandy. Döwlet Baştutanymyzyň özi hem Garagum sährasynyň ýollary boýunça bu saýlama tapgyra gatnaşyp, ajaýyp netije görkezdi. Soňra ýaryşlar geçirilip, olaryň barşynda öňde boljak awtorallä Türkmenistandan gatnaşjak toparlar kesgitlenildi. Habar berlişi ýaly, bu iri ýa...

DOWAMY
pic
10 Maý

Aral deňziniň sebitindäki meseleleri çözmek bilen baglanyşykly maksatnamalary işläp taýýarlamak boýunça araly halas etmegiň halkara gaznasynyň ýerine ýetiriji komitetiniň halkara hyzmatdaşlary bilen duşuşygy

2018-nji ýylyň 9-10-njy maýynda Aşgabat şäherinde «Arçabil» myhmanhanasynyň maslahatlar otagynda Aral deňziniň sebitindäki meseleleri çözmek bilen baglanyşykly maksatnamalary işläp taýýarlamak boýunça Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň halkara hyzmatdaşlary bilen utgaşdyryjy duşuşygy boldy. Duşuşygyň esasy maksady Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň we halkara hyzmatdaşlaryň arasynda ösüş boýunça hyzmatdaşlygyň täze görnüşlerini a...

DOWAMY
pic
2 Maý

AWAZADA (TÜRKMENBAŞY ŞÄHERI) “BEÝIK ÝÜPEK ÝOLY –TÄZE ÖSÜŞLERE TARAP” ATLY HALKARA FORUMY GEÇIRILDI

2018-nji ýylyň 2-nji maýynda “Awaza” (Türkmenbaşy şäheri) Kongresler merkezinde “Beýik Ýüpek ýoly – täze ösüşlere tarap” atly Halkara forumy geçirildi. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow gutlag sözi bilen çykyş etdi. Mejlisi açmak bilen, ýurduň ýolbaşçysy “Beýik Ýüpek ýoly – täze ösüşlere tarap” atly Halkara forumynyň işine, şeýle hem Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň açylyşyna gatnaşmaga bolan çakylyga seslenme üçin çuňňur minnetdarlyk bildirdi. Biz dürli döwletleriň ýok...

DOWAMY
pic
1 Maý

Aşgabatda BMG-niň Global Kontrterroristik strategiýasyny amala aşyrmak boýunça ýokary derejeli mejlisi geçirildi

2018-nji ýylyň 30-njy aprelinde Aşgabatda «Merkezi Aziýada BMG-niň Global Kontrterroristik strategiýasynyň toplumlaýyn durmuşa geçirilmegine tarap» atly Merkezi Aziýa döwletleriniň bilelikdäki iş meýilnamasynyň amala aşyrylşy boýunça ýokary derejeli mejlisi, şeýle hem Merkezi Aziýa üçin Bilelikdäki hereketleriň meýilnamasyny goldamakda bilelikdäki taslamasynyň üçünji tapgyrynyň işe girizilmegi geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi we BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş...

DOWAMY