SOŇKY HABARLAR
Duşenbede Türkmen–Täjik hökümetara toparynyň 8-nji mejlisi geçirildi
2018-nji ýylyň 25–26-njy oktýabrynda Täjigistan Respublikasynyň paýtagty Duşenbe şäherinde söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki Hökümetara türkmen–täjik toparynyň 8-nji mejlisi geçirildi. Ýokarda agzalan toparyň türkmen böleginiň düzümine Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri we täjik böleginiň düzümine bolsa Täjigistanyň Energetika we suw serişdeleri ministri ýolbaşçylyk etdi. Mejlisiň barşynda goňşy döwletler bilen hoşniýetli dost-doganlyk gatnaşyklaryny w...
Türkmenistanyň DIM-nde Rumyniýanyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi
2018-nji ýylyň 25-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen Rumyniýanyň Daşary işler ministriniň orunbasary hanym Mariýa Magdalena Grigoreniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi. Gepleşikleriň barşynda taraplar ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklarynda amala aşyrylan işleriň üstünde durup geçdiler we geljekde olary ösdürmegiň meselelerini ara alnyp maslahatlaşdylar. Mundan başga-da, taraplar ulag ulgamyna aýratyn üns berd...
Türkmen - amerikan syýasy geňeşmeler geçirildi
2018-nji ýylyň 25-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet Sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça kömekçisiniň orunbasarynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji hanym Emiliýa Pumanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryna ýokary baha bermek bilen, iki ýurduň özara bähbitli hyzmatdaşlygyny ösdürm...
Aşgabatda Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara toparynyň Energetika boýunça kiçi komitetiniň altynjy mejlisi geçirildi
2018-nji ýylyň 25-nji oktýabrynda Aşgabatda Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara toparynyň Energetika boýunça kiçi komitetiniň altynjy mejlisi geçirildi. Toparyň işine iki ýurduň nebitgaz ulgamyna degişli ministrlikleriň, pudaklaýyn edaralarynyň we hususy guramalarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Kiçi komitetiň hytaý tarapynyň başlygy Hytaý Halk Respublikasynyň Energetika boýunça Döwlet müdirliginiň başlygy j-p Li Fanžun boldy. Iki ýurduň wekiliýet ýolbaşçylary türk...
Türkmenistanyň wekiliýetiniň Ýaponiýa iş sapary boldy
2018-nji ýylyň 22–23-nji oktýabrynda Türkmenistanyň wekiliýeti Ýaponiýanyň paýtagty Tokio şäherinde iş sapary bilen boldy. Saparyň çäklerinde Türkmen wekiliýeti Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon komitetiniň ýolbaşçylary we agzalary bilen duşuşyk geçirdi. Saparyň barşynda Türkmenistanyň wekiliýetini Ýaponiýanyň Premýer-ministri jenap Sindzo Abe kabul etdi. Şunuň ýaly-da, DIM-ara we parlamentara, energetika, transport hem-de söwda-ykdysady toplumlarynyň ýolbaşçylary bilen hem ikita...
Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Medeniýet günleri
2018-nji ýylyň 22-nji oktýabrynda Moskwa şäherindäki Lýudmila Rýumina adyndaky medeni folklor merkezinde bu gezek ugry Moskwa we Sankt-Peterburga uzap gidýän Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy uly gala konsert bilen başlandy. Açylyş dabara Russiýanyň medeniýet edaralarynyň jogapkär işgärleri, Moskwada akkreditirlenen daşary ýurtly diplomatlar, iki ýurduň işewür toparlarynyň wekilleri, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, KHBS wekilleri, ylym we...
Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda gepleşikler geçirildi
2018-nji ýylyň 19-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde türkmen-türk konsullyk geňeşmelerine gatnaşmak maksady bilen türkmen paýtagtyna gelen Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Konsullyk işleri boýunça baş müdirliginiň başlygy j-p Mehmet Samsaryň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň oňyn ösüşini belläp, taraplar iki döwletiň konsullyk gulluklarynyň ugry boýunça özaragatnaşyklary ösdürmegi...