SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň Prezidenti Sankt-Peterburg şäherine iş sapary bilen gitdi
2018-nji ýylyň 6-njy dekabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäherine iş sapary bilen gitdi. Bu iş saparyň çäklerinde hormatly Prezidentimiziň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň resmi däl Sammitine gatnaşmaklygy we onda çykyş etmekligi göz öňünde tutulýar.
«Beýik Ýüpek ýolunyň ähmiýeti: häzirki we geljekki ösüşi» atly halkara maslahaty öz işine başlady
2018-nji ýylyň 6-njy dekabrynda paýtagtymyzdaky “Ýyldyz” myhmanhanasynda Türkmenistanyň Hökümeti we ÝUNESKO tarapyndan bilelikde geçirilýän «Beýik Ýüpek ýolunyň ähmiýeti: häzirki we geljekki ösüşi» atly halkara ministrler derejesindäki maslahatynyň açylyş dabarasy geçirildi. Maslahatyň açylyş dabarasynda Türkmenistanyň Medeniýet ministri A.Şamyradow öz giriş sözi bilen çykyş etdi we Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu çärä gatnaşyjylara iberen gutlag hatyny okamak üçin Mi...
Howpsuzlyk we ösüş prosesinde zenanlaryň orny barada okuw maslahaty
2018-nji ýylyň 3-5-nji dekabrynda Aşgabatda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) gurnamagy esasynda talyplar we ministrlikleriň we döwlet edaralaryň işgärleri üçin “Howpsuzlyk we ösüş prosesinde zenanlaryň orny” atly mowzuk boýunça Ilçi h-m Suoni Hantyň okuw maslahaty geçirilýär. Bu okuw maslahaty dawalaryň çözülmeginde zenanlaryň ornuna, uruşlar we parahatçylyk meselelerinde gender stereotiplerine bagyşlanandyr. Halkara Ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň binasynd...
Aral deňziniň basseýininde ýerleşýän ýurtlara kömek bermek boýunça täze Maksatnamasyna bagyşlanan wideomaslahat
2018-nji ýylyň 4-nji dekabrynda Aşgabatda Aral deňziniň basseýininde ýerleşýän ýurtlara kömek bermek boýunça hereketleriň täze Maksatnamasyna (ADBM-4) bagyşlanan wideomaslahat geçirildi. Bu çärä Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň (AHHG-niň) Ýerine ýetiriji komitetiniň işgärleri, Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň milli bilermenleri we halkara guramalaryň wekilleri gatnaşdy. Duşuşygyň başynda milli bilermenler öz ýurtlarynyň taslamalaýyn tekliplerini taýýarlamak boý...
UNESCO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna “Ýüpek ýoly” atly nominasiýasy boýunça utgaşdyryjy komitetiniň bäşinji mejlisi öz işine başlady
2018-nji ýylyň 4-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda şu ýylyň 5-nji dekabryna çenli dowam etmegi meýilleşdirilýän UNESCO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna “Ýüpek ýoly” atly nominasiýasy boýunça utgaşdyryjy komitetiniň bäşinji mejlisi öz işine başlady. Bu duşuşygyň işine ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna “Ýüpek ýoly” atly nominasiýasy boýunça Hökümetara utgaşdyryjy komitetiniň agzalary bolan 14 ýurtdan milli utgaşdyryjy merkezleri we bilermenleri hem-de...
Aşgabatda ÝUNESKO-nyň bilermenleriniň duşuşygy geçirilýär
2018-nji ýylyň 4-nji dekabrynda paýtagtymyzyň “Ýyldyz” myhmanhanasynda, ÝUNESKO hem-de beýleki halkara guramalaryň wekilleriniň gatnaşmagynda, “Ýüpek ýolundaky medeni hyzmatdaşlygynyň Ýüpek ýolunuň ugrundaky sportyň we oýunlaryň adaty görnüşleri” atly mowzugyna bagyşlanan bilermenleriň duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň açylyş dabarasynda Türkmenistanyň Hökümetiniň wekili we ÝUNESKO-nyň wekili çykyş etdiler. Şeýle hem dabaranyň dowamynda ÝUNESKO-nyň Ýüpek ýoly taslamasynyň tanyşdyryş dabarasy bol...
Türkmenistanda Gazagystanyň Medeniýet günleri geçirilýär
2018-nji ýylyň 29-30-njy noýabry aralygynda Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleri geçirilýär. Bu Medeniýet günleriniň çäklerinde Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde amaly-haşam, muzeý gymmatlyklarynyň we surat sergisi gurnaldy. Türkmenistanda geçirilýän Gazagystan Respublikasynyň Medeniýet günleri iki ýurduň arasyndaky medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlygy berkitmekde şeýle hem halklary ýakynlaşdyrmakda möhüm ädimleriň biri bolar.