RSS

SOŇKY HABARLAR

17 Maý

Ýaponiýanyň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen hyzmatdaşlygynyň mümkinçilikleri

Ýaponiýanyň Daşary işler ministri Taro Kono   Ilki bilen, Daşary işler ministri wezipesine bellenenimden soňra ilkinji gezek Merkezi Aziýa topragyna gadam basyp bilýändigim üçin özümiň çäksiz begenjimi beýan edýärin. Şu gün men Duşanbe şäherinde «Merkezi Aziýa + Ýaponiýa» Dialogynyň çäklerinde daşary işler ministrleriniň 7-nji mejlisine gatnaşýaryn we bu meýdançanyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň geljekki meseleleriniň ara alnyp maslahatlaşylmagyna sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn. Merkezi Aziýa...

DOWAMY
17 Maý

BMG-niň edaralaryna saýlanmagynyň çäklerinde Türkmenistanyň Iş meýilnamasyny taýýarlamak boýunça Pudagara iş toparynyň mejlisi

2019-njy ýylyň 17-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde 2020-2022-nji ýyllar üçin Bütindünýä Azyk maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji Geňeşiniň, 2020-2024-nji ýyllar üçin Ilat we ösüş Komissiýasynyň we 2020-2023-nji ýyllar üçin Neşe serişdeleri boýunça Komissiýasynyň çäklerinde Türkmenistanyň Iş meýilnamasyny taýýarlamak boýunça täze döredilen Pudagara iş toparynyň birinji mejlisi geçirildi. 2019-njy ýylyň 7-nji maýynda Türkmenistan Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň Guramaçylyk mejlisini...

DOWAMY
17 Maý

Türkmenistanyň wekiliýeti terrorçylyga garşy göreşmek boýunça ýokary derejeli maslahata gatnaşdy

2019-njy ýylyň 16-17-nji maýynda Duşanbede «Terrorçylyga we onuň maliýeleşdirilmegine, şol sanda neşe serişdeleriniň bikanun dolanşygyna we gyramaçylykly jenaýatçylyga garşy göreşmekde halkara we sebitleýin hyzmatdaşlyk» atly ýokary derejeli maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet maslahatda Türkmenistana wekilçilik etdi.    Bu maslahat Täjigistan Respublikasynyň hökümeti tarapyndan BMG, ÝB, ÝHHG we beýleki abraýly halkara guramala...

DOWAMY
17 Maý

Türkmenistanyň wekiliýeti Astana ykdysady forumyna gatnaşdy

2019-njy ýylyň 16-17-nji maýynda Nur-Sultan şäherinde nobatdaky XII Astana Ykdysady Forumy (AYF) geçirildi. Oňa dünýäniň 74 ýurdundan wekiliýetler gatnaşdylar. Forumda Ykdysadyýet boýunça Nobel baýragynyň eýesi we Bütindünýä bankynyň baş ykdysadçysy Pol Romer, Halkara Pul gaznasynyň direktory Kristin Lagard, Russiýanyň Sberbankynyň Prezidenti we müdiriýetiniň başlygy German Gref, Ermenistanyň Prezidenti Armen Sarkisýan, Gruziýanyň premýer-ministri Mamuka Bahtadze we başga-da ýokary derejeli syýa...

DOWAMY
17 Maý

Türkmenistan Heläkçilikleriň howpunyň azaldylmagy boýunça Global platformasynyň işine gatnaşýar

2019-njy ýylyň 13-17-nji maýy aralygynda Ženewada «Durnuklylygyň gazanylmagyndaky üstünlikler: durnukly we inklýuziw jemgyýetleriň ýolunda» ady bilen heläkçilikleriň azaldylmagy boýunça Global platformanyň 6-njy mejlisi geçirilýär. Bu Forumda Türkmenistanyň Goranmak ministriniň orunbasarynyň, Goranmak ministrliginiň raýat goranyş we halas ediş işleri boýunça baş Müdirliginiň başlygynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Türkmenistana wekilçilik edýär. Heläkçilikleriň azaldylmagy boýunça Global pl...

DOWAMY
16 Maý

Türkmenistanyň wekiliýeti Gidroenergetika boýunça Bütindünýä kongresine gatnaşdy

2019-njy ýylyň 14-16-njy maýy aralygynda Parižde Gidroenergetika boýunça Bütindünýä kongresi geçirildi, onuň barşynda Pariž howa ylalaşygynyň we «Durnukly, özarabaglanşykly dünýäde suwuň güýji» şygary astynda Durnukly ösüş maksatlarynyň durmuşa geçirilişi ara alnyp maslahatlaşyldy.   Kongrese 70 ýurtdan resmi wekiliýetler, abraýly halkara guramalarynyň, işewürlik toparlarynyň wekilleri, bilermenler we alymlar gatnaşdylar. Onda Türkmenistana Energetika ministrliginiň we S.A.Nyýazow ad.Türkmen...

DOWAMY
16 Maý

Türkmenistan we Wýetnam köpugurly hyzmatdaşlygy giňeltmegi göz öňünde tutýarlar

2019-njy ýylyň 16-njy maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde türkmen paýtagtyna iş sapary bilen gelen Wýetnamyň Kommunstik Partiýasynyň Merkezi Komitetiniň halkara bölüminiň başlygynyň orunbasary Nguen Tuan Fongyň ýolbaşçylygyndaky Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar iki ýurduň arasyndaky köpugurly gatnaşyklary ösdürmäge ygrarlydyklaryny belläp geçdiler. Şunuň bilen baglylykda döwletara saparlarynyň guralmagynyň, has...

DOWAMY