SOŇKY HABARLAR
Aşgabatda türkmen-polýak syýasy geňeşmeleri geçirildi
2019-njy ýylyň 4-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary syýasy edaralarynyň ýolbaşçylarynyň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-polýak syýasy geňeşmeleri geçirildi. Polşa Respublikasynyň wekiliýetine Aşgabada iş sapary bilen gelen bu ýurduň Daşary işler ministrliginiň Döwlet sekretarynyň orunbasary Marçin Prjidaç ýolbaşçylyk etdi. Duşuşygyň başynda taraplar türkmen-polýak gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny we ösdürmegiň mümkinçiliklerini, şeýle hem, ikitaraplaýyn gyzy...
Türkmenistanyň DIM-de rus wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi
2019-njy ýylyň 4-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabatda geçirilýän Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara turkmen-rus toparynyň çäginde döredilen Söwda we maýa goýum hyzmatdaşlygyna ýardam bermek boýunça Ýokary derejedäki toparyň ýedinji mejlisine gatnaşmak üçin gelen Russiýa Federasiýasynyň Ykdysady ösüş ministriniň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda taraplar Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara turkmen-rus to...
Türkmenistanyň DIM-de Irlandiýanyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi
2019-njy ýylyň 4-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen Irlandiýanyň Premýer-ministriniň ýörite wekili, Ilçi Dewid Donahýunyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda taraplar iki ýurduň arasyndaky köptaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşine ygrarlylygyny bellediler. Halkara giňişlikdäki hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini kanagatlanarly belläp, taraplar 2021-2022-nji ýyllarda BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň geljekki saýlawlary...
Ekologiýa taýdan arassa ýangyç Türkmenistandan Owganystana ynsanperwer kömek hökmünde ýetirildi
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda açylyp işe girizilen dünýäde ilkinji Ahal welaýatynda tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň önüminiň birinji tapgyrynyň Türkmenistandan Owganystana ynsanperwer kömek hökmünde demir ýol arkaly iberilen 60 tonnadan ybarat bolan ekologiýa taýdan arassa ýangyç 2019-njy ýylyň 1-nji iýulynda Türkmenistandan Owganystan Yslam Respublikasynyň «Akina» stansiýasyna geldi. Bu ýerde ynsanperwerlik kömegi hökmünde iberilen ýüki Akina şäherçes...
Türkmenistanyň DIM-de BMG-niň agentlikleriniň ýolbaşçylary bilen duşuşyk geçirildi
2019-njy ýylyň 1-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň edara binasynda Türkmenistanda akkreditirlenen Birleşen Milletler Guramasynyň agentlikleriniň we ýöriteleşdirilen edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri, BMG-niň hemişelik utgaşdyryjysy, BMG-niň Çagalar gaznasynyň, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Türkmenistandaky wekilleri, şeýle-de BMG-niň Ösüş...
Brýussel şäherinde birinji Hazar ykdysady forumyna bagyşlanyp tegelek stol geçirildi
2019-njy ýylyň 5-nji iýunynda Brýussel şäherinde Türkmenistanyň Belgiýa Patyşalygyndaky Ilçihanasy Aziýa ylmy-gözlegleri boýunça Ýewropa instituty bilen bilelikde 2019-njy ýylyň 12-nji awgustynda “Awaza” Milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek birinji Hazar ykdysady forumyna bagyşlanyp, “Birinji Hazar ykdysady forumy: Hazar we Merkezi Aziýa sebitinde Ýewropa Bileleşigi üçin maýa goýum mümkinçilikleri” atly tegelek stoluň başyndaky duşuşygy geçirildi. Tegelek stoluň başyndaky duşuşyga Energeti...
Aşgabatda «Merkezi Aziýada durnukly ösüşi üpjün etmekde suw diplomatiýasynyň orny» atly maslahat geçirilýär
2019-njy ýylyň 5-nji iýunynda Aşgabat şäherinde Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününe bagyşlanan «Merkezi Aziýada durnukly ösüşi üpjün etmekde suw diplomatiýasynyň orny» atly halkara maslahat geçirildi. Bu maslahata Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň, Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň, BMG-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň, şol sanda BMG-niň ugurdaş edaralarynyň ýolbaşçyl...