HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW BÜTINDÜNÝÄ WELOSIPED GÜNI MYNASYBETLI GURALAN WELOSIPEDLI ÝÖRIŞE GATNAŞDY
3-nji iýunda, asylly däbe görä, ýurdumyzda Bütindünýä welosiped güni bellenildi. Birleşen Milletler Guramasynyň senenamasynda mynasyp orun eýeleýän bu halkara baýrama gabatlanyp, köpçülikleýin welosipedli ýöriş geçirildi. Oňa hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy.
Ir bilen «Welosiped» binasynyň ýanynda Hökümet agzalary, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, paýtagtymyzyň häkimliginiň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, talyplar, halk hojalygynyň dürli pudaklarynyň işgärleri ýygnandylar. Şolaryň hatarynda ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň ýolbaşçylary hem bar.
Hormatly Prezidentimiz köpçülikleýin welosipedli ýörişe badalga berip, oňa gatnaşyjylaryň kerweniniň öňüni çekdi. Döwlet Baştutanymyzyň yzysüre hemmeler paýtagtymyzyň Çandybil we Bitarap Türkmenistan şaýollary boýunça agzybirlikde herekete başladylar.
Hormatly Prezidentimiz welosipedli ýörişiň dowamynda ajaýyp beden we sport taýýarlygyny, şahsy göreldesi bilen işjeň hem-de sagdyn durmuş ýörelgesiniň artykmaçlyklaryny görkezdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow welosipedli ýörişiň bellenen aralygyny geçip, ahyrky nokada — paýtagtymyzyň Ruhyýet köşgüniň ýanynda ýerleşýän pellehana geldi.
Döwlet Baştutanymyz Bütindünýä welosiped gününe gabatlanyp geçirilen köpçülikleýin sport-ekologik çärä gatnaşyjylar bilen hoşlaşyp, hemmelere berk jan saglyk, işlerinde üstünlik arzuw etdi we bu ýerden ugrady.
Mahlasy, bu baýramçylyk welosipedli ýörişi biziň jemgyýetimiziň jebisliginiň, türkmenistanlylaryň belent ynsanperwer gymmatlyklara üýtgewsiz ygrarlylygynyň ýene bir aýdyň subutnamasy boldy.