TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY ÝURTLARDAKY DIPLOMATIK WEKILHANALARY BÜTINDÜNÝÄ WELOSIPED GÜNI MYNASYBETLI WELOSIPED ÝÖRIŞLERINI GURNADYLAR
Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky Ilçihanalary, halkara guramalaryň ýanyndaky hemişelik wekilhanalary we konsullyklary Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köpçülikleýin welosipedli ýörişleri geçirýärler. Mälim bolşy ýaly, her ýyl Türkmenistanda we beýleki ýurtlarda giňden bellenilýän bu halkara baýramçylygy Türkmenistanyň başlangyjy esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 2018-nji ýylyň 12-nji aprelinde tassyklanyldy.
Türkmenistanyň Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygyndaky Ilçihanasy London şäherinde “Ride London” britan guramasy bilen bilelikde welosipedli ýöriş gurady. Bu sport çäresine Ilçihananyň wekilleri, Beýik Britaniýada okaýan Türkmen talyplary we ýerli ýaşaýjylar gatnaşdylar.
Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky şahamçasynyň ýanyndaky hemişelik wekilhanasy tarapyndan welosipedli ýöriş geçirildi. BMG-niň Ženewadaky şahamçasynyň binasynyň öňünde geçirilen bu sport çäresine diplomatik wekilhananyň işgärleri we olaryň maşgala agzalary, şeýle hem Türkmen talyplary we türgenler gatnaşdylar,
Şeýle hem, Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky (Maşat şäheri) Konsullygy tarapyndan şäheriň”Gadir” seýilgähinde welosipedli ýöriş geçirildi. Çärä Konsullygyň we Maşat şäheriniň welosiped sportuny söýüjileri gatnaşdylar.
Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan Seulyň “Hangan” seýilgähinde Ilçihananyň işgärleriniň, Koreýada bilim alýan türkmen talyplarynyň hem-de ýerli ýaşlaryň gatnaşmagynda welosipedli ýöriş guraldy.
Şeýle-de, welosipedli ýörişler Russiýanyň, Özbegistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Türkiýäniň, Ermenistanyň, Gruziýanyň, Rumyniýanyň, Awstriýanyň, Germaniýanyň, Belarusyň, Malaýziýanyň we Hindistanyň paýtagtlarynda geçirildi. Köpçülikleýin ýörişlere türkmen hem-de daşary ýurt diplomatlary, jemgyýetçilik we sport guramalarynyň ýolbaşçylary we ýaşlar gatnaşdylar.
Welosiped sporty tutuş dünýäde meşhurlyga eýe bolýar. Welosiped güni hem ähli ýurtlary we halklary has-da jebisleşdirýär. Bu bolsa biziň ýurdumyzyň global ösüşe, sagdynlyk hereketlerine we Durnukly ösüş maksatlarynyň gazanylmagyna özboluşly goşandydyr.