TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ UMRA HAJYNY BERJAÝ ETMEK ÜÇIN SAUD ARABYSTANY PATYŞALYGYNA IKI GÜNLÜK SAPARY BAŞLANDY

2022-nji ýylyň 1-nji iýunynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň umra hajy däp-dessurlaryny berjaý etmek üçin Saud Arabystany Patyşalygyna iki günlük sapary başlandy.

Uçuşyň dowamynda Arkadagly Serdarymyz bilen bilelikde keramatly ýerlere zyýarata ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan ýaşulular we ak gyňaçly eneler yslam dünýäsinde mukaddes çäreleriň biri hasaplanýan umra hajyny berjaý etmäge döredilen mümkinçilik üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden alkyş sözlerini aýtdylar.

Dört sagada golaý uçuşdan soňra, hormatly Prezidentimiziň uçary Saud Arabystany Patyşalygynyň Jidda şäheriniň Halkara howa menziline gelip gondy. Howa menzilinde belent mertebeli türkmen myhmanyny Mekge welaýatynyň häkimi, Saud Arabystanynyň Patyşasynyň geňeşçisi Halid bin Feýsal Al Saud we beýleki resmi adamlar garşylaýarlar.

Jiddanyň Halkara howa menzilinden hormatly Prezidentimiziň ulag kerweni yslam dünýäsiniň ruhy paýtagtyna — mukaddes Mekge şäherine ugraýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynyň din wekilleriniň ugratmagynda Al-Haram metjidine bardy.

Bu ýerde umra hajy berjaý etmek bilen baglanyşykly ähli dessurlar ýerine ýetirildi.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow mukaddes Käbäniň daşyna çykyp, halkymyzyň bagtyýarlygynyň, nurana geljeginiň, Watanymyzyň berkararlygynyň, abadançylygynyň, ählumumy parahatçylygyň we hajy Arkadagymyzyň beýik başlangyçlarynyň mundan beýläk-de rowaç almagynyň bähbidine ýagşy dilegleri etdi.

Hormatly Prezidentimiziň Saud Arabystany Patyşalygyna sapary dowam edýär.