TÜRKMENISTANYŇ BMG-NIŇ ŽENEWADAKY EDARASYNYŇ ÝANYNDAKY HEMIŞELIK WEKILINIŇ BÜTINDÜNÝÄ INTELLEKTUAL EÝEÇILIK GURAMASYNYŇ BAŞ SEKRETARY BILEN DUŞUŞYGY

2022-nji ýylyň 31-nji maýynda Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Hemişelik wekili Atageldi Haljanowyň Bütindünýä intellektual eýeçilik guramasynyň (BIEG) Baş sekretary Daren Tang bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Bütindünýä intellektual eýeçilik guramasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň ugurlary we mümkinçilikleri babatynda pikir alşyldy. Şunuň bilen baglylykda, 2020-nji ýylyň dekabrynda kabul edilen Türkmenistanyň 2021-2025-nji ýyllar üçin Intellektual eýeçilik ulgamyny ösdürmek Maksatnamasynyň wajyplygy bellenildi. Onda ýöriteleşdirilen halkara guramalary, şol sanda BIEG we Ýewraziýa patent guramasy bilen hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine ähmiýetli orun berilýär.